Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BÄHBIDI UGRUNDA

1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew ministrligiň 2021-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýangyna garşy göreşmek işini talabalaýyk alyp barmak hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli Permana gol çekip, M.Çakyýewi başga işe geçmegi sebäpli, içeri işler ministri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz içeri işler ministri wezipesine Ö.Hojanyýazowy belläp, ony içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ynsanperwerlik hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan Harby doktrinanyň esasynda mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrjakdygyny, harby gullukçylaryň gullugy, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyşdurmuşy üçin mynasyp şertleri döretmek barada alada etjekdigini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede berjaý edip, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmäge, adamyň ömrüni, saglygyny goramaga degişli örän wajyp meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Siziň bilşiňiz ýaly, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň örän möhüm wezipeleri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Degişli düzümler tarapyndan bu babatda görülýän çäreleriň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi bilen baglylykda, häzirki döwürde bu ugurda köp sanly kemçiliklere ýol berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirip, ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmek, jenaýatçylyklaryň öňüni almak maksady bilen, tutuş jemgyýetiň tagallalarynyň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Bu ýagdaýlaryň sebäplerini içgin seljerip, olaryň wagtynda öňüni almak üçin sazlaşykly işleri geçirmek zerurdyr. Biziň esasy maksadymyz yzygiderli ösýän, kämilleşýän asuda jemgyýeti kemala getirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hukuk goraýjy edaralar edilen etmiş üçin diňe çäre görýän ýa-da jeza berýän edara bolmaly däldir. Bu düzümler durmuşda ýalňyşan adamlary dogry ýola gönükdirmäge, terbiýelemäge, jemgyýete gaýtaryp getirmäge işjeň gatnaşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralara bu ugurda öň hatarda bolmagy, öz işlerini mundan beýläk has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Adamyň ykbalyna, jemgyýetiň nogsanlyklaryna biparh garalmaly däldir. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, jemgyýetimiziň kämilleşmegine ýardam bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz dürli hukuk bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan geçirilýän öňüni alyş işleriniň talaba laýyk gelmeýändigi bilen bagly birnäçe anyk mysallary getirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkimlikleriň, geňeşlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň ilatyň arasynda degişli terbiýeçilik çärelerine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, tussaglykdan boşan adamlary hasaba almak, olary işe ýerleşdirmek meselelerini çözmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem tussaglykdan boşap gelen adamlar bilen degişli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, olaryň jemgyýete goşulyp gitmegi, ýaşaýyş-durmuşyny ýola goýmagy üçin durmuş-ykdysady, terbiýeçilik, hukuk häsiýetli çäreleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Ilkinji nobatda bolsa, olary iş bilen üpjün etmek üçin, häkimlikler bilen bilelikde zerur çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu edaralar kanunçylygyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýärler. Milli Liderimiz Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň, häkimlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ilat arasynda jenaýatçylyga garşy geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz jenaýatçylygyň öňüni almakda kazyýet edaralarynyň üstüne hem uly wezipeleriň düşýändigini belläp, bu düzümiň işini talabalaýyk guramagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz adalat ministri B.Muhamedowa ýüzlenip, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak üçin kanunçylygy kämilleşdirmäge işjeň gatnaşmagy tabşyrdy. Şeýle hem ilatyň hukuk taýdan sowadyny artdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryna we borçlaryna düýpli düşünmegini gazanmak üçin, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmak babatda görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysy G.Annaýewe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz içerki migrasiýa meseleleri barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet migrasiýa gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň ýolbaşçysy B.Öwezowa ýüzlenip, hemişelik ýaşaýan ýerinden başga ýere zähmet işini amala aşyrmak üçin ýada beýleki maksatlar bilen gidip, şol ýerde wagtlaýyn bolýan raýatlaryň bellige alynmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Öz ýolbaşçylyk edýän edaralarynda şahsy düzümiň arasynda alnyp barylýan terbiýeçilik, durmuş-hukuk işlerini has-da güýçlendirmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak üçin, harby düzgün-nyzam baradaky ýagdaýy yzygiderli seljerip durmak we onuň berk berjaý edilmegini üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň komitetleriniň ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna üns çekildi.

Bu babatda bilim edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň komitetlerine her bir raýatyň öz hukuklaryny, borçlaryny düýpli düşünmegini gazanmak hem-de döwletiň, jemgyýetiň öňündäki borçlaryny düşündirmek üçin terbiýeçilik häsiýetli wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirmek tabşyryldy.

 

«Ahal durmuşy».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.