Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHAT GEÇIRILDI

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçe geňeşliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap hassahanasy, etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň 2-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde howanyň aşa gyzýan günlerinde berjaý edilmeli kadalar barada aýdanlaryna aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz her bir raýatyň saglygy we bagtyýarlygy barada uly alada edýär. Hormatly Prezidentimiziň Günüň örän gyzýan wagtlary onuň şöhlesinden goranmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigi, zerur bolmasa, günüň aşagynda gezmeli däldigi, kiçi ýaşly çagalaryň Günüň aşagynda bolýan wagtyny çäklendirip, olaryň gündiz daşarda, açyk howada gezmegine berk gözegçiligiň edilmelidigi dogrusynda aýdanlary hem ynsan saglygy we bagtyýarlygy hakdaky aladanyň alamatydyr.

Maslahatda çykyş edenler sagdyn iýmitlenmek, jemgyýetçilik ýerlerinde degişli howpsuz aralygy saklamak, lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmak, howanyň gyzýan wagtynda saýawan götermek, gözüňi Günüň ýiti şöhlesinden goramak üçin äýnek ulanmak bilen, şeýle-de Günüň aşagynda kelleýalaňaç gezmeli däldigi bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryny berdiler.

 

Maýsa ABDULLAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.