Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT IŞLERI ALNYP BARYLÝAR

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Türkmenistan täze belentlikleri nazarlap, ynamly öňe barýar. Bu işlere her bir edara-kärhana mynasyp goşandyny goşýar.

Ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmak maksady bilen,Tejen şäher häkimliginiň meýilnamasy esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher birleşmesi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen birlikde Tejen şäheriniň Süleýman Demirel adyndaky pagta egirme fabriginde zähmet çekýän işçileriň arasynda wagyz-nesihat duşuşugy geçirildi.

Şeýle-de, «Sport — sagdynlygyň gözbaşy» diýen at bilen Tejen şäheriniň Sport mekdebinde ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alnyp geçirilýän duşuşyklara gatnaşanlar ähli tutumlaryň ruhlandyryjysy bolan milli Liderimize hoşallyklaryny bildirdiler.

 

Begmyrat GURBANBERDIÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen şäher birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.