Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ARKADAGLY DÖWRÜMIZIŇ ÖSÜŞLERINIŇ BEÝANY” ATLY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp şeýle-de beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakda ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek maksady bilen “Arkadagly Döwrümiziň ösüşleriniň beýany” atly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligi “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Berkararlyk bagty” atly gepleşiginiň alyp baryjysy Gurban Berdigurbanow alyp baryp, onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy Ýazmämmet Ataýew we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy Aýgözel Owezowa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.