Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGDYN JEMGYÝET ÝÖRELGESI BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde  Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçiren döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen guralan “Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýet ýörelgesi bagtyýar durmuşyň kepili” atly maslahaty geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň maslahatçysy Bezirgen Ataýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Meredow, Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň wekili polisiýanyň kapitany Oguljan Gurangulyýewa, Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Annamyrat Yollyýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş - sagaldyş hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy Gülälek Orazowa, Aşgabat köpugurly stadionynyň medeni guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri Bäşim Hamedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Mekan Nazarow çykyş etdiler.

 

Begenç Ak, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.