Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GURBAN BAÝRAMY MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI.

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde   Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi hem-de  “Altyn Asyr - Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde  Gurban baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi.

Türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes baýram hasaplanylýar.  Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Gurban baýramynda adamlar dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, goňşy-golamlary bilen bir saçaga jemlenip agzybirligiň, jebisligiň asyl nusgasyny gӧrkezýärler. Bu baýram ata-babalarymyzdan  miras galan ruhy baýlyklarymyzy, urp-adatlarymyzy gorap saklamak, olara aýawly çemeleşmek we geljekki nesillere ýetirmek barada dӧwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. «Gurban baýramy külli adamzady ruhy-ahlak päklige, bitewülige, ylalaşyga, rehimdarlyga, sahawatlylyga çagyrýan ajaýyp baýramlaryň biridir» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen Gurban baýramy her ýyl deňli-derejeli tutulýar.

123

Söhbetdeşligi “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Garaşsyz Diýar” atly gepleşiginiň redaktory Jeren Çaryýewa alyp baryp, onda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň gaznaçysy Şemşat Kiçikulowa, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy Mahym Mürrikowa we Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň G.Ezizow adyndaky şahamçasynyň esasy kitaphanaçysy KA-nyň işjeň agzasy Arzuw Allaberenowa çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.