Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DAGLARYŇ ÜSTÜNDEN DAGLAR GÖRÜNÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk  işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynda iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulyş hem-de welaýatyň merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň 14-nji iýulda Bal­kan we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ryn­da ýol-ulag bi­len bag­ly ýe­ne-de bir ta­ry­hy wa­ka­ boldy. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz Je­bel şä­her­çe­sin­de tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy­na ak pa­ta ber­di. Mu­nuň özi gün­ba­tar se­bi­tiň hal­ka­ra de­re­je­li üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si hök­mün­de or­nu­nyň pug­talan­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň da­şa­ry döw­let­ler bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gine ýar­dam eder.

Ta­ry­hy baý hal­kyň me­de­ni­ýe­ti-de baý bol­ýar. Göw­ni baý iliň sun­ga­ty-da baý bol­ýar. Bal­ka­nabat şä­he­rin­de, go­ja dag­la­ryň ete­gin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da açy­lan “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy döw­rüň kä­mil sun­gat ese­ri­ni ýa­da sal­ýar. Onuň ýer­leşýän ýe­ri-de tä­sin: bu ýer­de geç­miş bi­len şu gü­nüň, te­bi­gat bi­len dur­mu­şyň gö­zelli­gi dil ta­pyş­ýar. Ak öý — döw­let­li­lik. Ak öý — ag­zy­birlik. Ak öý — aba­dan­çy­lyk. Bu bi­na, ýur­dumy­zyň beý­le­ki we­la­ýat­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, şeý­le bir sün­nä­le­nip gur­lup­dyr, on­da türkme­niň ak öý­den dün­ýä de­re­je­si­ne ge­çen ýo­ly bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň di­lin­de beýa­ny­ny tap­ýar.. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň hem-de 3 müň orun­lyk sa­da­ka ja­ýy­nyň açyl­ma­gy bol­sa «Türkme­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyşma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ulu­dan bel­le­nilýän şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­na aja­ýyp sow­gat­dyr.

 

Ýörite habarçymyz. 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.