Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TAÝJYK USSANYŇ PÄLWANLAR MAŞGALASY

– Taý­jyk ýaş­lyk­da örän ez­ber­di, onuň elin­den gel­me­ýän hü­när ýok­dy. Haý­sy işiň ba­şy­na bar­sa-da, öň gö­rüp go­ýan ýa­ly­dy. Öz işi­niň us­sa­dy­dy. Ýaş­lyk­da boş wagt­la­rymyz gö­reş tu­tar­dyk. Ol şo­ňa-da ýol­baş­çy­lyk eder­di. «Öw­lü­ýa ýa­byň» iler­sin­dä­ki kir­şenlik ýer bi­ziň tür­gen­le­şik meý­dan­ça­myzdy. Şeý­dip onuň us­sat ady wag­tyň geç­me­gi bi­len us­sa öw­rül­di gi­diber­di – di­ýip, Ata­jyk aga gür­rüň ber­ýär.

Kir­şen­li meý­dan­ça­ly gürrüň Taý­jyk us­sa­ny bi­parh goý­ma­dy. Ýe­rin­den gob­su­nan go­ja­nyň gö­zi nur­la­nyp, di­li açy­lan ýa­ly bol­dy:

– Ata­jyk mam­la. «Öwlü­ýa ýa­byň» gol­tu­gyn­da­ky kir­şen­li ýer ýaş­lyk­da gö­reş tut­ýan, bi­le­gi­mi­ziň güý­jü­ni, dy­zy­my­zyň gur­ba­ty­ny bar­lap gör­ýän meý­dança­myz­dy. Türk­men hal­ky asyr­lar­bo­ýy sag­dyn­ly­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni gün­de­lik ýa­şaý­şy­nyň öze­ni­ne öw­rüp ge­len halk. El­bet­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz tagal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de spor­tuň ähli ugur­la­ry bi­len bir­lik­de, ata-ba­ba­lary­myz­dan do­wa­mat-do­wam bo­lup gel­ýän ugur­la­ry hem ro­waç­lan­ýar. Tü­we­le­me, ogul­la­ry­myň gür­rüň ber­me­gi­ne gö­rä, di­ňe bir bi­ziň et­ra­by­myz­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ga­bat gel­ýän sport mek­dep­le­ri­niň üçü­si, sport des­ga­la­ry­nyň iki­si he­re­ket ed­ýär. Biz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan bu gün­ki adam üçin edil­ýän ala­da­ny öňdüý­şü­miz­de-de gör­me­dik. Men dö­re­di­len eş­ret­le­ri gö­rüp, bar­ha ýig­del­ýä­rin. Ýa­şym seg­sen­den geç­se-de toý­lar­da gö­reş tu­tul­sa el-aýa­gym gi­jäp, du­rup bi­le­mok. El­bet­de, bu-da il-gü­nü­mi­ziň hor­ma­ty-da, he­niz-heniz­le­rem toý­lar­da gö­reş tu­tu­lan­da or­ta çyka­ryp, ýa­şu­ly päl­wan hök­mün­de ma­ňa-da baý­rak gow­şur­ýar­lar – di­ýip, gar­ry päl­wan sö­ze go­şul­ýar.

Taý­jyk us­sa maş­ga­la­sy Aý­jan eje bi­len 11 per­zen­di – 7 ogul, 4 gy­zy ter­bi­ýe­läp ke­ma­la ge­tir­di­. 7 og­luň 5-si türk­me­niň mil­li gö­re­şi bo­ýun­ça döw­le­ti­miz­de dür­li ýa­ryşla­ra gat­na­şyp, spor­tuň bu ug­run­dan sport us­sat­ly­gyna we da­laş­gär­lik de­re­je­si­ne ýe­ten päl­wan­lar.

Taý­jyk us­sa­nyň uly og­lu­na Goç diý­ýärler. Goç öz ag­ra­my bo­ýun­ça öň­ki SSSR-iň dür­li ýer­le­rin­dä­ki ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ra gatna­şan päl­wan. Has ta­ky­gy 1988-nji ýyl­da De­mir­ga­zyk Kaw­ka­zyň Ka­ra­çaý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Tu­tuş» (Ka­ra­çaý hal­ky­nyň mil­li gö­re­şi) gö­re­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­na, şo­nuň ýa­ly-da, 1989-njy ýyl­da Ga­za­gysta­nyň Al­ma­ty şä­he­rin­de ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan päl­wan. Ol hä­zir boş wagtla­ry ýaş­la­ra gu­şak­ly gö­re­şiň çyl­şy­rym­ly til­sim­le­ri­ni öw­red­ýär.

Nur­my­rat päl­wan Taý­jyk us­sa­nyň ikin­ji og­ly. Ol mil­li gö­reş bo­ýun­ça Türk­me­nis­tanyň sport us­sat­ly­gy­na da­laş­gär. Türk­me­nis­ta­nyň üç ge­zek çem­pio­ny, hä­zir et­ra­byň 1-nji sport mek­de­bin­de ýaş­la­ra mil­li gö­re­şiň til­sim­le­ri­ni öw­red­ýär. Ol et­ra­byň «Ber­ka­rar» daý­han bir­le­şi­gin­de köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da kä­ren­de­çi bo­lup iş­le­di, 2020nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan et­ra­by­my­zyň 1-nji sport mek­de­bin­de tä­lim­çi bo­lup işe baş­la­dy. Ge­çen ýy­lyň 11-nji ap­relinde Türk­me­nista­nyň Kär­deş­ler Ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň yg­lan eden XXI mil­li sport oýunla­ry­nyň et­rap tap­gy­ryn­yň saý­la­ma ýa­ryşynda «Päl­wan­la­ryň päl­wa­ny» di­ýen de­re­jä we baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ol bu de­re­jä­ni et­rap­da in­di 21 ýyldan bä­ri sak­lap gel­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, ol 2002-nji ýyl­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len mil­li sport oýun­la­ry­nyň döw­let tap­gy­ryn­da – saý­la­ma ýa­ryş­da «Päl­wan­la­ryň päl­wany» di­ýen de­re­jä we baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Ol bu de­re­jä­ni we­la­ýa­ty­myz­da al­ty ge­zek eýe­le­di. Nur­my­rat we­la­ýa­ty­my­zyň etrap­la­ryn­da-da dür­li ýa­ryş­lar­da köp­lenç baş baý­rak­la­ra my­na­syp bol­ýan päl­wan.

Bir ge­zek şeý­le wa­ka bol­dy. 2004-nji ýy­lyň tomus aý­la­ry­dy. Men ol dö­wür­le­r Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň «Şa­ma­hy» daý­han bir­le­şi­gin­de iş­le­ýär­dim. Gün­le­riň bi­rin­de daý­han bir­le­şi­giň kä­ren­de­çi­si Jan­mät ha­jy ogul öýe­rip, uly toý tut­dy. To­ýa we­la­ýaty­my­zyň äh­li ýe­rin­den, gum iç­le­rin­den «men» di­ýen päl­wan­lar ge­lip­di. Baş baý­rak ug­run­da 32 päl­wan bäs­leş­ýär­di. Ýa­ryş örän çe­ke­le­şik­li ýag­daý­da geç­ýär­di. Päl­wan­la­ryň tut­lu­şy­gy soň­ky tap­gy­ra ýet­di. Tut­lu­şyk bir­nä­çe wagt do­wam edip, Nur­my­ra­dyň ha­sa­by­na ta­mam­la­nan hem bol­sa, kö­mek­çi emin­le­ri­niň bi­ri­niň säw­li­gi bi­len soň­ky utuk ha­sa­ba alyn­ma­dy. Ýa­şu­lu­la­ryň ara gir­me­gi bi­len gö­reş tä­ze­den tu­tul­ma­ly edil­di, ne­tijede ýe­ne-de Nur­my­rat ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu tut­lu­şyk onuň we­la­ýat­da­ky ab­ra­ýy­na ab­raý go­şup, to­ýuň şü­we­le­ňi­ni has-da art­dyr­dy.

Päl­wan­lar maş­ga­la­sy­nyň ýe­ne bir we­kili­ne Pa­ra­hat diý­ýär­ler. Ol Türk­me­nis­ta­nyň sport us­sa­dy. Pa­ra­hat päl­wan aga­sy ýa­ly et­ra­byň bi­rin­ji sport mek­de­bin­de tä­lim­çi bo­lup iş­le­ýär. Ol öz ag­ra­myn­da 14 ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny bol­dy. Onuň ýe­tiş­di­ren şä­girt­le­ri şu gün­ki gün­de et­rap, we­la­ýat, döw­let de­re­je­le­rin­dä­ki ýaryş­la­ra gat­na­şyp, spor­tuň bu ugrun­da Gahryman Arkadagymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­rynyň ne­ti­je­sin­de ýe­ti­len üs­tün­lik­le­re öz­le­ri­niň sal­dam­ly go­şant­la­ry­ny goş­ýarlar. Olar­dan Da­ýanç Toý­ly­ýew iki ge­zek, Ta­hyr Şi­ri­ýew bir ge­zek, Gah­ry­man At­jy­kow bäş ge­zek öz ag­ram­la­rynda Türk­me­nis­tanyň çem­pi­on­la­ry bol­du­lar.

At­jy­kow­la­ryň päl­wan­lar maş­ga­la­sy­nyň ýe­ne bir we­ki­li­ne Mu­kam päl­wan diý­ýär­ler. Mu­kam päl­wan et­ra­byň «Ber­ka­rar» daý­han bir­le­şi­gin­de kä­ren­de­çi bo­lup iş­le­ýär. Ol Türk­me­nis­ta­nyň sport us­sat­ly­gy­na da­laşgär. Mil­li gö­reş bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny. Ol et­rap, we­la­ýat, döw­let de­re­jele­rin­dä­ki, şo­nuň ýa­ly-da, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­kezi­niň yg­lan eden mil­li sport oýun­la­ry­nyň spar­ta­ki­a­da­la­ryn­da baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan päl­wan.

At­jyk us­sa­nyň kör­pe og­ly Gah­ry­man hem spor­tuň bu ug­run­da aga­la­ry bi­len deň ba­dak­laş­ýar. Ol Türk­me­nis­ta­nyň sport ussa­dy. Bäş ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. 2019-njy ýy­lyň 24 – 28-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gö­reş bo­ýun­ça açyk çem­pio­na­tyn­da öz agra­myn­da 70 päl­wan­dan üs­tün çy­kyp, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Ol hä­zir Aş­ga­ba­dyň Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da öz bi­li­mi­ni art­dyr­ýar.

Taý­jyk us­sa­nyň päl­wan­çy­lyk­dan baş­lanan dur­muş ýo­ly onuň ogul­la­ry ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýär. Bu gün­ki gün­de onuň ag­tyk­la­ry Ka­ka­my­rat, Şa­hy­mer­dan, Röw­şen hem mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çiril­ýän ýa­ryş­la­ryň et­rap, we­la­ýat tap­gyr­laryn­da baý­rak­ly orun­la­ry­na my­na­syp bo­lup, ata­la­ry­ny gu­wan­dyr­ýar­lar.

 

Otuz­mät KA­KY­ŞOW, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Gö­rog­ly et­rap bir­leş­me­si­niň iş­jeň ag­za­sy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.