Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZERUR TAGALLALAR EDILÝÄR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty il-gün bähbitli işlerde üstünlikli amal edilýär. Ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip, bu babatda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Zähmet adamsynyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi wajyp wezipeleriň biridir. Sebäbi ýokary iş öndürjiligiň gazanylmagy burawlaýjylarymyz üçin döredilýän mümkinçilikere baglydyr.

Şonuň üçinem müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan agzalarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Sebäbi burawlaýjylarymyzyň iş orunlary medeni zolakdan uzakda bolup, Garagum çölünde ýerleşýär. Munuň özi olar hakda yzygiderli aladany talap edýär. Biz şu talapdan ugur alyp, burawlaýjylarymyza gowy iş we durmuş şertleriniň döredilmegi ugrunda aladalanýarys. Işçilerimiz ýörite egin-eşikler we aýakgaplar bilen üpjün edilýär. Önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendirmegem asylly däplerimiziň biri. Şeýle tagallalarymyzam gowy netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär.

 

Aşirniýaz MAMMETNAZAROW. “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.