Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ALADAMYZ ÝERINE DÜŞÝÄR

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda abadan ertiriniň binýadyny berkden tutýan türkmen halky döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle tutanýerli zähmetiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Şäherlerimizdir obalarymyzyň arassa, abadan keşbi ýylsaýyn has-da gözelleşýär. Şu depginli ösüş Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem giň gerime eýe bolýar.

Jemagat hojalyk müdirligimiziň zähmetsöýer adamlarynyň paýyna jogapkärli wezipe düşüp, biz onuň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin uly alada edýäris. Müdirligimiziň düzüminde arassaçylyk we bagçylyk bölümleri bolmak bilen, biz Mary şäheriniň arassaçylygy, abadanlaşdyrylmagy hem-de welaýat merkezimiziň gür baglyga bürenmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýarys. Şeýle irginsiz aladamyz bolsa ýerine düşýär. Şu bähbitli işleriň badynyň artmagynda kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan degerli işler geçirilýär. Biz işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli aladalanýarys. Işgärleriň iş gurallary, ýörite egin-eşikler bilen üpjün edilmegi ugrunda zerur çäreleri görýäris. Özleri hakynda edilýän aladalara, berilýän goldaw-ýardama işgärlerimiz döredijilikli zähmet bilen jogap berip, şanly ýylymyzy zähmet ýeňişleri bilen dabaralandyrmagy maksat edinýärler.

 

Ogulmaral MEREDOWA. Mary şäher jemagat hojalygy müdirliginiň işgäri, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygynyň orunbasary.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.