Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEJRIBE ALYŞÝARLAR

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekişlik dabarasy geçirilýär. Munuň özi her bir obanyň, şäheriň ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, ulag we demir ýollaryň ýakalarynda, akabalaryň we derýalaryň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäkleriniň giňelmegine itergi berýär. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde zeminiň bezegi, görki bolan baglary ösdürip ýetişdirmek, obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ene topraga, gözel tebigatymyza çäksiz söýgini döretmek maksady bilen hünär bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Golaýda etrap häkimliginiň hem-de TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrabyň bagban kärendeçileriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan — bagy-bossan, ata Watan — gül-gülüstan» diýen şygar bilen bäsleşik geçirildi.

Ýylyň-ýylyna geçirilýän bagbanlaryň bäsleşigine gatnaşýanlaryň sany barha artýar. Bäsleşigiň şertlerine görä oňa gatnaşýanlar daýhan birleşikleri bilen şertnama baglaşmak bilen azyndan 2 gektar ýerde saýalyk hem miweli baglary ýetişdirip, miwe berip başlan baglara ideg edilişi, görnüşleriniň köpeldilişi, agrotehniki kadalaryň berjaý edilişi dogrusynda birek-birekden tejribe alyşmak maksady bilen daýhan birleşiklerinde bolýarlar. Günüň ikinji ýarymynda bäsleşigiň jemine bagyşlanan maslahat etrap häkimliginde geçirilip, eminleriň gelen netijesi boýunça tejribeli bagbanlar kesgitlenilýär.

Maslahatda etrabyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Töremyrat Töräýewiň hem-de Şatlyk Garaýewiň miweli baglaryň görnüşlerini köpeltmek hem-de hasyllylygyny artdyrmak boýunça baý iş tejribesini etrabyň bagbanlarynyň arasynda öwrenmeklik hem ýaýratmaklyk bellenildi.

Bäsleşige gatnaşan bagbanlara TKA-nyň etrap birleşmesiniň höweslendiriji sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek barada bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gandym ORAZOW. TKA-nyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.