Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GÜLLERINDE GÖZELLIGIŇ GÖRKI BAR

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesini dabaralandyrmak, maşgala gymmatlygy bilen bagly işleri, el hünärlerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan etmeginde, ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň häzirki wagtda deslapky tapgyrlary dowam edýär. Daşoguz şäherindäki Ýaşlar merkezinde bu bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ol işjeň zenanlaryň on barmagynyň oýnamyndan çykan çeper işleri giňden ýaýmaga uly mümkinçilik boldy.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar onuň şertlerine laýyklykda, türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen bagly ýüň saýlap almak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirip görkezdiler we keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Soňra welaýat aýratynlygymyza görä, gadymy milli nagyşlary salyp, keçe gülläp görkezdiler. Gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, keçe nagyşlarynyň, gülleriniň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler, şahyrana setirleriň, çeper sahnalaryň üsti bilen bagtyýarlyk döwrümizi wasp etdiler.

Bäsleşik örän gyzgalaňly, many-mazmunly ýagdaýda geçdi. Çeper elli zenanlaryň ýerine ýetiren ajaýyp işleri baharyň baý tebigatyna laýyk görnüşleriň keşbinde gaýtalanmajak pursatlara özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli sungatymyzyň bu görnüşi gadymy ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny ýene bir ýola aýdyňlaşdyrdy.

Bäsleşikde işiniň inçeligi, aýratynlygy boýunça has öňe saýlanyp, 1-nji orna Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsoltan Saparowa, 2-nji orna welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri Jeren Nurklyçewa, 3-nji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy Sülgün Amanowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.