Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AÝDYM-SAZLY DABARA

Golaýda Daşoguz şäheriniň Ýaşlar merkezinde welaýat Saglygy goraýyş hem-de Medeniýet müdirlikleriniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. «Binýady berkdendir berkarar Diýar, Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileý toýuna barýar»diýen şygar bilen ýaýbaňlandyrylan bu medeni çäre ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi we milli Gurban baýramy mynasybetli geçirildi. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärleri işjeň gatnaşdylar. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň, «Dostluk çemeni»tans toparynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň, belent başlangyçlarynyň, parahatçylygyň we baky bagtyýarlygyň mekany bolan gözel Diýarymyzyň waspy öz beýanyny tapdy. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan, bagtyýarlyk döwrüniň nagmasy bolan joşgunly aýdymlar gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.