Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHAT GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň maksady halkymyzyň agzybirliginiň, döwletimiziň berkararlygynyň esasy binýady bolan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, maşgala gymmatlyklaryny milli ýörelgelerimiz esasynda pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Golaýda şeýle mazmunly wagyz-nesihat duşuşygy TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň mejlisler eýwanynda geçirildi. Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, welaýat köpugurly hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşyga saglygy goraýyş işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Onda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Täçmyrat Rejepow, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça kömekçisi Bilbil Saparowa, welaýat «Ene mähri»merkeziniň lukmany Kemal Kömekow dagy çykyş edip, jemgyýetiň ösüşinde nesil terbiýesiniň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda aýtdylar. Şeýle hem bagtyýarlyk döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň raýatlarymyzyň arasynda giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigi hakynda belläp geçdiler. Ýurdumyzda halkyň saglygy, bagtyýar durmuşy hakynda edilýän aladalar dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkymyza eşretli zamany, parahat, asuda döwrany peşgeş beren milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Gurban GURBANOW, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.