Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy şygaryna laýyk rowaçlandyrmak hem-de öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksadynda, häzirki günlerde ähli pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalyk toplumyna degişli edara-kärhanalarda hem dabaraly maslahatlara uly orun berilýär. Golaýda «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginde syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, saglyk ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem muňa mysal bolup durýar. Duşuşykda durmuşda gabat gelýän ýaramaz endikleri, nogsanlyklary aradan aýyrmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerini, şeýle-de milli kanunçylygymyzyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmegiň wezipeleri, raýatlaryň öz hukuklaryna we borçlaryna dogry düşünmekleri, döwrümiziň talabyna laýyk sagdyn durmuşy emele getirmek babatdaky beýik işleriň netijeleri dogrusyndaky gürrüňlere giň orun berildi. Şonuň ýaly-da döwrümiziň baş maksady bolup durýan pederlerimiziň döreden ruhy we milli-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda, watansöýüji, ylymly-bilimli, edep-ekramly, beden we ruhy taýdan sagdyn, dost-doganlyga sarpa goýýan, arassa ahlakly nesli terbiýeläp ýetişdirmekdäki işlere hemmeleriň işjeň gatnaşygyny üpjün etmek babatda hem täsirli söhbetler edildi.

Agrosenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň öňünde durýan wezipeler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge degişli ähli wezipeleriň öz wagtynda, sazlaşykly amala aşyrylmagy bilen delillendirilýär. Şol jogapkärçilige ygrarlylyk bilen zähmet çekmegiň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumlaryna işjeň goşulyşmagyň mukaddes borçdugy çykyşlaryň dowamynda nygtalyp geçildi.

 

Gülruh HALJANOWA, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.