Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIJILER KESGITLENILDI

Berkarar Watanymyzyň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilýän bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna sebitiň şäherdir etraplarynyň çeper elli zenanlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly ýüp saýlap almak we saýmak, ýü­ňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirip görkezdiler. Şeýle-de keçäniň görnüşleri, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we olaryň dogry ulanylyşy barada gyzykly gürrüň berdiler. Zenanlaryň gadymy nagyşlary keçä salyp, keçe bilen bagly taryhy maglumatlary, yrymlary we rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary aýtmagy olaryň çykyşlarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Uly gyzyklanma eýe bolan bäsleşikde Gökdepe etrabyndan Ogulşat Begliýewa hem-de Annadursun Atalyýewa ýe­ňiji boldular.

 

(Öz habarçylarymyz).

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.