Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞATLYK PAÝLAÝAN BAÝRAM

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­batda­ky mej­li­sin­de «Gur­ban baý­ra­my­ny bel­le­mek ha­kynda» Per­ma­na gol çek­me­gi we on­da hal­ky­my­zyň bu mil­li baý­ra­my 20-21-22-nji iýul­da bel­le­mek ba­ra­da aý­dyl­ma­gy kal­by­myz­da eg­sil­mez şat­ly­gy dö­ret­di. Bag­ty­ýar ili­miz­de bu mu­kad­des baý­ra­myň üç gün­läp giň­den toý edil­me­gi tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de hal­ky­my­zyň asyr­lar­dan göz­baş alyp gaýd­ýan ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň aýaw­ly sakla­nyl­ýan­dy­gy­nyň, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan milli däp-des­sur­la­ry­my­zyň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň, sa­ha­wat­ly­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň daba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň buý­sanç­ly ala­ma­ty­dyr.

Gur­ban baý­ra­my­na hal­ky­myz aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň belleýşi ýa­ly, «Gur­ban baý­ra­my adam­za­dyň sag­dyn we tä­miz ru­hy-ah­lak gö­zel­lik­le­ri­ni, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan, ýü­rek­le­re şat­lyk paý­la­ýan mu­kad­des baý­ram­dyr. Mü­bä­rek Gur­ban baý­ra­my bu gün bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan­dy­gy­ny, Türk­me­nis­ta­nyň dö­re­di­ji­lik we ösüş­ler ýo­ly bi­len öňe — be­ýik gel­je­ge ga­dam ur­ýandy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar hem-de jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şymy­za tä­ze öwüş­gin çaý­ýar». Şo­ňa gö­rä-de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen ulus-ili­miz bu baý­ra­ma sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar, ulu­dan taý­ýar­lyk gör­ýär.

Gur­ban baý­ra­my ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän aja­ýyp toý­la­ry­my­zyň bi­ri­dir. Toý gün­le­rin­de mil­li däp-des­sur­lary­my­za, urp-adat­la­ry­my­za, aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze birkem­siz eýe­ril­ýär, bu baý­ram şat­lyk-şow­hu­na bes­le­nip bel­le­nil­ýär. Her bir mu­kad­des maş­ga­la oja­gyn­da gurban sa­da­ka­la­ry be­ril­ýär, toý sa­çak­la­ry giň­den ýa­zyl­ýar, bi­rek-bi­re­ge gör­me-gör­şe ge­lin­ýär, be­re­ket­li sup­ra­dan hö­dür-ke­rem edil­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, Gur­ban baý­ra­my adam­la­ry has-da ýa­kyn­laş­dyr­ýar, je­bis­leş­dir­ýär. Ata-baba­la­ry­my­zyň bu baý­ra­ma aý­ra­tyn uly äh­mi­ýet ber­me­gi hem şo­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da Gur­ban baý­ra­my eg­sil­me­jek şat­lyk-şow­hu­ny bi­len kalp­la­ry heý­ja­na ge­tir­ýär. Toý günler­de hiň­ňil­dik­ler­de uç­mak hem hal­ky­myz­da asyl­ly dä­be öw­rü­lip­dir. Ýaş­la­ry­myz hä­zir­ki eş­ret­li döw­rü­miz­de hem bu dä­be berk eýer­ýär­ler. Bu gün hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gözbaş al­ýan yn­san­per­wer­lik we ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ryny ro­waç­lan­dyr­ýan­dy­gy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýa­rys.

 

Döwran GURBANOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.