Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI GYMMATLYKLAR ÜNDELDI

Ak bug­daý et­rap hä­kim­li­gi­niň me­ýilna­ma­sy esa­syn­da et­ra­byň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ge­ňeş­li­gin­de wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Oba ila­ty­nyň arasyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Türk­me­nista­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň et­rap ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­guly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap Ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si­niň hem-de et­ra­byň hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lary­nyň we­kil­le­ri çy­kyş et­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 1-nji iýulda ge­çi­ren Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şiniň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­dä­ki tab­şy­ryk­lary­na esas­la­nyp, du­şu­şyk­da der­wa­ýys me­se­le­ler dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin gürrüň edil­di. Hu­kuk boz­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýaş­la­ry ýo­ka­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, maş­ga­la gymmat­lyk­la­ry­na sar­pa goý­mak, ata-baba­la­ry­myz­dan gel­ýän asyl­ly ýol-ýörel­ge­le­re eýer­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly aý­dy­lan­lar du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar ta­rapyn­dan üns­li diň­len­di.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ene-ma­ma­la­ry­myz­dan gel­ýän päk ah­lak­ly­lyk, ag­ras­lyk, maş­ga­la oja­gy­na we­pa­dar­lyk ýa­ly gö­zel hä­si­ýet­ler asyrlar­bo­ýy türk­men ze­na­ny­nyň süň­ňüne si­ňip, şu gün­le­re ge­lip ýe­tip­dir. Bu mil­li hä­si­ýet­ler ze­nan­la­ry­my­zyň ah­lak be­ze­gi­dir, ab­raý-mer­te­be­si­dir, maş­gala bin­ýa­dy­ny ber­kid­ýän esas­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, bag­ty­ýar­ly­ga bes­le­nen hä­zirki aja­ýyp döw­rü­miz­de hem maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na aý­ra­tyn sar­pa goý­lup, maş­ga­la bin­ýa­dy­nyň ber­ke­me­gi ug­runda uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Bu ugur­da­ky ta­gal­la­lar­da ýaş­la­ryň ara­syn­da gu­ralýan wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Şeý­le çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni gazan­ma­ga her bi­ri­miz my­na­syp go­şan­dymy­zy goş­ma­ly­dy­rys — di­ýip, bel­le­di­ler.

Tu­ruw­baş­dan tä­sir­li ge­çen du­şu­şyk­da tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de mil­li gym­mat­lyk­lara, ýol-ýö­rel­ge­le­re aý­ra­tyn sar­pa goý­ýandy­gy, her bir maş­ga­la­da, jem­gy­ýe­ti­miz­de ag­zy­bir­li­giň we bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­küm sür­me­gi ug­run­da taý­syz ta­gal­la ed­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na alkyş­ly söz­ler aý­dyl­dy.

 

Yhlas SAPAROW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.