Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AL-ELWAN KEÇELER

Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Geňe­şi­niň bi­le­lik­de yg­lan eden «Gülüň owa­dan» at­ly bäs­le­şi­giň wela­ýat tap­gy­ry ge­çi­ril­di. We­la­ýa­tyň äh­li et­rap­la­ryn­dan we Te­jen şähe­rin­den ge­len çe­per el­li ze­nanla­ry­ň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bu bäs­le­şik Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li «Ak bug­daý» mu­ze­ýin­de bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­kala­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nanlar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bu bäs­le­şi­giň esa­sy mak­sa­dy mil­li mi­ra­sy­my­zy ös­dür­mek­den, öý­le­rimi­ziň be­ze­gi bo­lan türk­men ke­çele­ri­niň aja­ýyp nus­ga­la­ry­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek­den, mil­li el iş­le­rimi­zi açyp gör­kez­mek­den, ýaş­lar­da zäh­met ter­bi­ýe­si­ni ös­dür­mek­den, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za, ene-mama­la­ry­myz­dan ga­lan aja­ýyp el işle­ri­ne bo­lan hö­we­si art­dyr­mak­dan yba­rat bol­dy.

Üç şert­den yba­rat bo­lan bu bäs­le­şi­giň il­kin­ji şer­tin­de çe­per el­li zenan­lar çe­per söz­le­riň üs­ti bilen öz­le­ri­ni tanyş­dy­ryp, ke­çe bas­mak­da ulanyl­ýan ga­dy­my usul­lar ar­ka­ly türk­men mil­li ke­çe­si­ni taýýar­la­mak iş­le­riniň (ýüň saý­lamak, saý­mak, bo­ýa­mak, dara­mak, piş­ge ýa­sa­mak, ke­çe gamy­şy­ny do­ka­mak, ke­çe gül­le­mek ýa­ly) in­çe ýol­la­ry ha­kyn­da gür­rüň ber­di­ler. Şeý­le hem olar ke­çe üçin ze­rur bo­lan gu­ral­la­ryň ula­nyş aýra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dyp, ke­çe sun­ga­ty­nyň tä­sin syr­la­ry­ny, aý­ratyn­lyk­la­ry­ny açyp gör­kez­di­ler.

Bäs­le­şi­giň ikin­ji şer­tin­de ze­nanlar ga­dy­my mil­li na­gyş­la­ry: «ak tüý­nük», «gy­zyl tüý­nük», «gö­zenek», «saý­lan», «gül­ýaý­dy», «sekiz go­çak», «ge­lin bar­mak», «gapyr­ga», «öküz oňur­ga», «gon­juk», «hin­di go­çak», «iç­ýan ag­zy», «tazy guý­ruk», «bar­mak» ýa­ly on­lar­ça nus­galary sa­lyp, ke­çe gül­le­mek, gül­le­riň at­la­ry­nyň, ber­ýän ma­ny­syny anyk my­sal­la­ryň üs­ti bi­len düşün­dir­di­ler. Olar bäs­le­şi­giň üçün­ji şer­tin­de bel­le­ni­len wag­tyň do­wamyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy su­ratlan­dyr­ýan tä­ze na­gyş­ly ke­çe­le­ri gül­le­di­ler we ola­ryň taý­ýar gör­nüşle­ri­ni nus­ga hök­mün­de gör­kez­di­ler. Ze­nan­lar bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň mi­ra­syn­da ke­çe bi­len bag­ly ga­dy­my ro­wa­ýat­la­ry, ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry, yrym­la­ry, goş­gu­dyr ga­zal­la­ry, aý­dy­şyk­la­ry şa­hy­ra­na us­sat­lyk­la­ry bi­len be­ýan et­di­ler.

Bäs­le­şi­ge gat­na­şan ze­nan­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, ke­çe­ler hem türkmen te­bi­ga­ty­nyň dil bi­len be­ýan edip bol­ma­ýan tä­sin gö­zel­li­gi­ni, mäh­rem ze­nan­la­ryň kö­ňül ar­zuwla­ry­ny, hal­ky­my­zyň ga­dy­my­ýe­ti­ni we şu gü­nü­ni şöh­le­len­dir­ýän ha­ly sun­ga­ty­myz we dok­ma önüm­le­rimiz ýa­ly hal­ky­my­zyň mil­li buý­sanjy ha­sap­lan­ýar. Türk­men ke­çe­leri sa­ry­ja goý­nuň ýü­ňün­den taý­ýarlan­ýar. Go­ýun ma­ly bol­sa ha­lal we rys­gal­ly mal ha­sap edil­ýär. Go­ýun ýü­ňün­den taý­ýar­la­nyl­ýan ke­çe­ler berk we sag­ly­ga peý­da­ly bol­ýar.

Her bir hal­kyň sün­nä­läp, synt­gylap, ti­mar­lap-ta­raş­lap sun­gat de­reje­si­ne ýe­ti­ren el iş­le­rin­de şol hal­kyň ta­ry­hy-geç­mi­şi, gel­je­gi, ýü­rek ar­zuwy, şöh­rat­ly gel­je­ge bo­lan yna­my öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Türk­me­ne ylahy­dan ber­len peş­geş, ene-ma­mala­ry­myz­dan mi­ras ga­lan el iş­le­ri­miz döw­let­li ojak­la­ry­my­zyň ýa­ra­şy­gy, toý­ly gün­le­ri­mi­ziň gel­şi­gi­dir. Oba ýer­le­ri­ne ba­ranyň­da how­ly­ny doldu­ryp du­ran ul­la­kan se­ki­le­riň üstüne dü­şe­len, ýa­şyl ýaý­raw bo­lup, gol ge­rip du­ran dal­bar­la­ryň aşagyn­da gül ki­min lo­wur­dap du­ran alel­wan gül­li owa­dan ke­çe­le­ri syn­lap göw­nüň açyl­ýar. «Ke­çä­niň berk we owa­dan bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin onuň ýü­ňü­niň saý­la­ny­lyp al­ny­şy­na aý­ra­tyn üns ber­me­li» di­ýip, gy­zyk­ly gür­rüň be­ren us­sat ke­çe­çi ze­nan­lar ke­çe üçin köp­lenç güýz ýü­ňi saý­lany­lyp alynýandygyny, şol bir wag­tyň özün­de-de ke­çe üçin ýaz ýü­ňüniň hem güýz ýü­ňi bilen deň de­re­je­de ula­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Ýaz ýü­ňi reň­ki go­wy al­ýar, dara­lan­da-da uzyn-uzyn süýüm­lerden eriş­ler — uç­lar çyk­ýar. Ýaz ýü­ňü­niň ha­la ula­ny­lan bö­le­gin­den ga­la­ny ke­çe edil­ýär. Şeý­le edi­lende hem-ä ýü­ňüň tyg­şyt­ly bol­ýar, hem-de gy­rym­sy ýüň­ler ke­çe etmek üçin has amat­ly bol­ýar. Ke­çäniň ýü­ňü­niň saý­gy­sy ýe­ti­ri­len­de we mä­käm da­ra­lan­da berk we sy­pa­ýy gö­rün­ýär. Ba­sy­my ýe­ten ke­çe bi­len ba­sy­my ýet­me­dik ke­çä­niň ta­pa­wudy ga­ty ulu­dyr. Ba­sy­my ýe­ten ke­çe ga­lyň bol­ýar we ke­çä­niň ýü­zün­den eli­ňi gez­di­reniň­de ol edil ba­ga­na sy­pan ýaly sag­dyn we owun­jak ýy­gyr­lar bilen ör­tü­len bol­ma­ly­dyr. Basy­my do­ly ýet­medik ke­çe­ler ýum­şak we te­kiz bolýar. Her bir zähme­tiň adamdan yh­las we ýa­daw­syz zäh­met ta­lap edi­şi ýa­ly ke­çe­le­ri taý­ýar­la­mak üçin hem köp zähmet çe­kil­ýär. Ola­ryň berk­li­gi we owa­dan­ly­gy biziň öz eli­miz­de­dir.

Ke­çe­ler ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri hal­kyň söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lup, şu gün­ki bag­ty­ýar gün­le­rimiz­de hem olar has ar­zy­ly sun­gaty­my­za öw­rül­di. Ke­çe gül­le­nil­ýän wag­ty aňyr­dan ge­len adam: «Gülüň owa­dan!» di­ýip ýüz­le­nen-de, ke­çe us­sat­la­ry: «Ýü­züň owa­dan!» di­ýip, ge­le­ni gar­şy al­ýar­lar. Keçe işin­de-de beý­le­ki in­çe iş­ler­de bol­şy ýa­ly, sün­nä­li­ge we syn­çy­lyga aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir. Ýü­ňi saý­la­ny­lyp alnan­dan soň ýu­w­lup, reňk­le­ni­lip, da­ra­lyp, süý­lüp, peşmek ýa­sa­mak, ke­çe gül­le­mek iş­le­ri baş­la­ýar. Gy­ra­ga­ra go­ý­lan­dan soň na­gyş­la­ryň içi­ni dol­dur­mak işi dowam ed­ýär. Ola­ra «ala­go­wur­dak» ýa-da «kir­pik» hem di­ýil­ýär. Gül­le­re gyl ur­maz ýa­ly ýaz çüp­re­gi­ni ýa-da da­rak di­şi­ni goý­saň ke­çäniň reň­ki du­ry we owa­dan bol­ýar. Bu usul ke­çe ba­sy­lan­da go­wy gir­me­gi­nede ýar­dam ber­ýär.

Bu iş­ler­den soň ke­çä­niň ar­kasy­na owa­dan­lyk üçin gu­zy ýü­ňü­ni goý­ma­ly we ke­çä­ni ga­my­şa sa­lyp öl­läp goý­ma­ly. Bir sa­gat ge­çen­den soň düý­rüp ga­myş­da çek­me­li. Keçe ma­za­ly ke­çe sy­pa­tyna ge­len­soň, il­ki ýu­waş, soň­ra ýy­gy-ýy­gy­dan onuň çalt­lyk bi­len basy­my­na gi­riş­me­li. Has ök­de we güýç­li sa­ýylýan ke­çe­çi­ler ke­çä­niň gy­ra­sy­ny bas­ma­ly (sür­me­li). Ke­çe ta­ba gelen­soň, ke­se­li­gi­ne ar­ky­dyk et­me­li. Ar­ky­dyk et­mek bi­len ke­çä­niň ini­niň we bo­ýu­nyň öl­çe­len ta­la­ba we ta­ba la­ýyk bol­ma­gy ga­za­nyl­ýar. Ýa­maşgan ar­ky­dy­gy alyp ba­saň­soň, keçe ba­ga­na kys­my ty­gyr­dap du­ran de­re­jä ýet­ýär. Ke­çe şu de­re­jä ýetme­se göw­ne­jaý ha­sap edil­me­ýär. So­ňa­ba­ka ke­çe nä­çe çalt ba­syl­sa, şon­ça-da ýeň­läp baş­la­ýar. Ba­şu­jy ga­lyp baş­lan ke­çä­niň ma­za­ly eýi ýe­ten ha­sap edil­ýär. Türk­men­çi­likde: «Ke­çe­si bol­dum diý­mez, eýe­si öl­düm diý­mez» diý­len sö­züň ge­lip çyk­ma­gy hem ke­çä­niň ba­sy­my­nyň nä­çe köp bol­du­gy­ça, hi­li­niň hem ýo­ka­ry bol­ýan­dy­gyn­dan ha­bar berýär. «Ke­çe gö­wün­li gel­niň bol­sun!» di­ýil­me­gi­niň ma­ny­sy hem ke­çä­niň ta­ba gel­me­si­niň aň­sat­ly­gyn­dan, kem­ter ýe­ri­niň sä­hel ka­kanyň­da ýe­ri­ne bar­ýan­ly­gyn­dan, ke­çä­niň aň­sat kir­le­me­ýän­li­gin­den, özü­ne de­gen teg­mil­le­ri be­de­ni­ne siň­di­rip, ýü­ňüň iý­ýän­li­gin­den yba­rat­dyr.

Hal­ky­myz­da ke­çe bi­len bag­ly aý­dyl­ýan her bir tym­sal, dur­muş ha­ky­ka­tyn­dan göz­baş al­ýan­dyr. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, aras­sa go­ýun ýü­ňün­den ön­düril­ýän ke­çe­ler açyk meý­dan­lar­da iş­le­ýän ço­pan­dyr-ço­luk­la­ry, iş­çi daý­han­la­ry gu­ra­gy­ry ke­se­lin­den go­ra­ma­ga-da ukyp­ly­dyr. Ke­çe sowuk we çyg ge­çir­me­ýändi­gi bi­lenem aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bagty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan ga­dy­my hü­när­le­ri­mi­ze, milli däp-des­sur­la­ry­my­za ýo­ka­ry üns be­ril­ýär. Biz bu ha­ky­ka­ta bu gezek­ki «Gü­lüň owa­dan» at­ly bäs­leşik­de hem ýe­ne bir ge­zek aý­dyň göz ýe­tir­dik. Bäs­le­şi­giň ahy­ryn­da ýe­ňi­ji­ler yg­lan edi­lip, bi­ri-bi­rin­den ök­de, us­sat ke­çe­çi ze­nan­la­ryň ara­syn­dan has us­sa­dy saý­la­nyp alyn­dy. Ne­ti­je­de bi­rin­ji baý­rak­ly or­na Gök­de­pe et­ra­byn­dan ge­len ke­çe­çi­ler An­na­dur­sun Ata­ly­ýe­wa bi­len Ogul­şat Beg­li­ýe­wa my­na­syp bol­dy. Ikin­ji or­na bol­sa Ak bug­daý et­ra­byn­dan Gül­na­hal Nur­my­rado­wa bi­len Bä­gül Sa­parg­yly­jo­wa my­na­syp bol­dy. Ýe­ňi­ji­ler bäs­le­şigiň döw­let tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar. Bäs­le­şi­ge gatna­şan­la­ryň äh­li­si­ne ony gu­raý­jylar ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

 

Dürnabat AŞYROWA, ýörite habarçymyz.

SU­RAT­LAR­DA: bäs­le­şik­den pur­sat­lar.

Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.