Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Gökdepe etrap häkimliginiň tassyklan meýilnamasy esasynda etrabyň çägindäki «Argaç» ýüň egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisindäki tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen maslahata jemgyýetçiligiň wekilleri, işçi-hünärmenler, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek bilen baglanyşykly gürrüňe üns çekildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Dokma pudagynyň Geňeşiniň başlygy Jeren Esenowanyň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ogulmaral Amanjaýewanyň çykyşlarynda ýaşlaryň arasynda geçirilýän terbiýeçilik häsiýetli wagyz-nesihat çäreleriniň netijeliligini gazanmagyň ýollary dogrusynda aýdylanlar has-da täsirli boldy. Olar duşuşyga gatnaşan ýaşlara maşgala gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada gymmatly maslahatlaryny berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda edýän aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Baýramgeldi ATAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.