Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYN BOLALYŇ!

Şu gün­ler şä­her­dä­ki edara-kär­ha­na­lar­da, gu­ra­ma­larda ke­sel­le­riň ýü­ze çyk­magy­nyň öňü­ni al­mak, sag­ly­gy go­ra­mak we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz-ne­si­hat et­mek mak­sa­dy bi­len düşün­di­riş iş­le­ri al­nyp ba­rylýar. Şä­he­riň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň hem-de şä­her has­sa­ha­na­synyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän şeý­le hä­si­ýet­li iş­leriň ne­ti­je­li­li­gi­ni ga­zan­mak­da uly ta­gal­la edil­ýär.

Şä­he­riň bi­lim, sport, mede­ni­ýet, yk­dy­sa­dy­ýet ul­gamla­ry­na de­giş­li eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry iş­jeň­lik­de geç­di. Şol du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­raýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek, dür­li ýokanç ke­selle­riň öňü­ni al­mak, ola­ry ýü­ze çy­kar­mak we be­jer­mek boýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti, şeý­le-de tom­suň hä­zir­ki ys­sy gün­le­rinde Gü­nüň ýiti şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin ber­jaý edil­meli ka­da­lar ba­rada gür­rüň edil­di. Çy­kyş eden­ler ho­wa­nyň gyz­ýan wag­tyn­da sa­ýa­wan gö­ter­megiň, gö­zü­ňi Gü­nüň ýi­ti şöh­lesin­den go­ra­mak üçin äý­nek ulan­ma­gyň peý­da­sy­nyň uludy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler.

Du­şu­şyk­lar­da sag­dyn iýmit­len­mek, jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de de­giş­li howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak, luk­mançy­lyk agyz-bu­run ör­tü­gi­ni da­kyn­mak, bi­len bag­la­ny­şykly gym­mat­ly mas­la­hat­la­ryny ber­di­ler. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­ba­tyn­da ed­ýän bi­möç­ber ala­da­la­ry we bu ugur­da durmu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

 

Leýli TÄŞLIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.