Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GANDBOLÇYLAR GÜÝÇ SYNANYŞDYLAR

Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan gandbol boýunça 2002­-2003-­nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Türkmengala etrap sport mekdebinde Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Şol ýaryşa etrap, şäher sport mekdepleriniň 8-­si gatnaşdy. Ýaryşyň baş emini Gurbangeldi Jumaýew bäsleşigiň adalatly geçmegi üçin tagalla etdi.

Oglanlaryň arasynda Wekilbazar etrap sport mekdebiniň tälimçisi, Mary welaýatynyň gandbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi Täçmyrat Jöwherowyň taýýarlan türgenleri ýeňiji boldular. 2-­nji orna Türkmengala etrabynyň, 3-­nji orna Ýolöten etrap sport mekdebiniň türgenleri mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda 1­nji orny Wekilbazar etrap sport mekdebi, 2­-nji we 3-­nji orunlara Türkmengala etrap sport mekdebiniň 1-­nji we 2-­nji toparlary eýelik etdiler.

Ýeňijilere Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmengala etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Hudaýberdi AMANOW, Türkmengala etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.