Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYGYŇ SAKASY

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Sakarçäge etrabynda hem ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Şu günler jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän duşuşyklaryň dowamynda ýaşlary sporta çekmek barada yzygiderli gürrüňler edilýär. Bilşimiz ýaly, bedenterbiýe we sport saglygyňy goramagyň, bedeniňi berkitmegiň iň ilkinji we esasy şerti hasaplanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň hatarynda bedenterbiýe we sport bilen saglygyňy berkitmek hem esasy orny eýeleýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi ähli ýaşdaky adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň hemrasyna öwrülýär. Etrabymyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilip durulýar. Şol geçirilýän ýaryşlaryň ýeňijilerine etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan Hormat hatlary we kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gymmatbaha sowgatlary gowşurylyp durulýar.

 

Baýramgylyç AKGYLYJOW. Sakarçäge etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.