Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYN JEMGYÝET — BERKARAR DÖWLET

Şeý­le at bi­len Ka­ka et­ra­by­nyň Me­de­ni­ýet öýün­de wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ri­lip, oňa Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şykla­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si­niň, eda­ra-kär­hana­lar­da­ky il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çyla­ry­dyr iş­gär­le­ri iş­jeň gat­naş­dy.

Du­şu­şy­gyň esa­sy mak­sa­dy sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­rini wa­gyz-ne­si­hat et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ila­tyň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň iş­jeň­li­gini we ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan ybarat bol­dy. Du­şu­şy­gy Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si­niň başly­gy Meý­lis­my­rat My­ra­dow açyp, hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş dere­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň yk­dysa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, şan-şöh­ra­ty­ny be­len­de gö­ter­mek ug­run­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry, ýaş nes­liň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da dö­red­ýän giň şert­le­ri dog­ru­syn­da gür­rüň ber­di. Şonuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly, ol ýer­ler­de gu­ral­ýan wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry­dyr mas­la­hat­lary­nyň, dü­şün­di­riş iş­le­ri­niň iş­jeň­li­gi­ni ýo­karlan­dyr­ma­gyň ýol­la­ry dog­ru­syn­da aýt­dy.

Du­şu­şyk­da çy­kyş­la­ryň baş­ga-da bir­nä­çesi diň­len­di. Çy­kyş eden­ler ila­tyň, esa­san-da, ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­relge­le­ri­ni wa­gyz-ne­si­hat et­mek­de Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň we işeň­ňir agza­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­re ün­si çek­di­ler. Onuň do­wa­myn­da «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­tany» ýy­ly­nyň hä­zir­ki gün­le­rin­de ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän ta­ry­hy wa­ka­lar, mil­li yk­dy­sady­ýe­ti­mi­ziň dür­li ugur­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk­lar bara­da hem dur­lup ge­çil­di.

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar il­deş­le­ri­mi­ziň bagty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da­ky bi­möçber ala­da­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

 

Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.