Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Änew şä­he­rin­dä­ki Mil­li «Ak bug­daý» mu­ze­ýin­de wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çiril­di. Ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy al­nyp ba­ryl­ýan öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni güýç­lendir­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni we sa­ni­ta­ri­ýa-aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek mak­sa­dy bi­len ýö­ri­te me­ýil­na­maesa­syn­da ge­çen du­şu­şy­ga mu­zeý iş­gärle­ri gat­naş­dy.

Du­şu­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ak bugdaý et­rap bir­leşme­si­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap Geňe­şi­niň hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri çy­kyş edip, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň 30 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­ýän şanly ýylyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän sep­git­ler dog­ru­syn­da gür­rüň ber­di­ler. Olar şeý­le ösüş-öz­gertme­le­re bes­le­nen ta­ry­hy dö­wür­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne gy­şar­nyk­syz eýerme­giň, ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da durma­gyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di­ler.

Du­şu­şyk­da to­mus pas­lyn­da, ho­wa­nyň aşa gyz­ýan gün­le­rin­de Gü­nüň ýi­ti şöhle­sin­den go­ran­mak üçin sa­ýa­wan gö­termek, ýö­ri­te äý­nek­le­ri da­kyn­mak, şeý­le-de be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­reşijilik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän iý­mitler bi­len iý­mit­len­mek, iş ýe­rin­de we öý­de otag­la­ryň ho­wa­sy­nyň aras­sa bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de iki metr howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak, agyzbu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­mak ba­ra­da aý­dylan­lar uly tä­sir­le­ri dö­ret­di.

 

Maýsa ABDULLAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.