Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SÖWDA TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

30-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda «Bagtyýar nesil — bagtyýar Watan» atly maslahat geçirildi. Maslahaty geçirmegiň maksady edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, halal zähmete bolan söýgini terbiýelemekden, edep-ekramly, halal bolmaklygy, her bir raýatyň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakdan, ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmakdan, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar.

123 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Maliýe, ykdysadyýet we durmuş syýasaty barada komitetiniň agzasy M.Geldiýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty A.Göjenowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekili H.Handurdyýewa dagy çykyş etdiler.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri söwda ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzda hereket edýän kanunlary berk berjaý etmekleri, jemgyýetde halallygy ykrar etmek, ýaramaz endikleriň garşysyna aýgytly göreş alyp barmaklyk, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygynyň adamdygyny nygtaýan we onuň saglygy üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny dabaralandyrmagyň her bir raýatyň öňünde durýan borjy barada çykyş etdiler.

Şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy O.Allanazarowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy J.Kazakowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary A.Akmämmedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Iş dolandyryjysy B.Meredow jemgyýetde halallygy ykrar etmek, ýaramaz endikleriň garşysyna aýgytly göreş alyp barmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak boýunça her birimiziň öňümizde durýan wezipeler barada çykyş etdiler.

Maslahatda ýaşlara halallygy, agzybirligi, wepadarlygy ündeýän şekilli aýdym bilen utgaşdyrylan çykyş hem görkezildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň asudalygy hem-de jemgyýetiň sagdynlygy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Gurbanmämmet REJEPOW, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.