Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞADYÝAN GÜNLER DOWAM EDÝÄR

Güneşli Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus pasly çagalaryň uzak wagt garaşýan arzyly möwsümleriniň biridir. Çünki bu ajaýyp pasyl çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň eý görýän, tomusky dynç alyş günleriniň dowam edýän günleridir. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň islendik künjegindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň şadyýan sesleri we gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu bolsa çagalaryň tomusky dynç alyş döwrüni gyzykly geçirýändiginden habar berýär.

Çagalaryň bu döwri diňe bir gyzykly bolman, eýsem, peýdaly geçirmekleri, täze dost tutunmaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin hem degişli guramalar tarapyndan ýörite meýilnamalar işlenilýär. Biz hem bu babatda alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşandymyzy goşmak üçin yzygiderli alada edýäris. Çünki tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň bedeniniň fiziki ýüklemelerden we nerw dartgynlygyndan dynmaga kömek edýän döwri bolmalydyr.

Taýýarlanylýan meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegi bolsa geçirilýän işleriň, çäreleriň guramaçylygynyň ýokary bolmagyny gazanýar. Özleriniň tomusky dynç alyş möwsüminiň ýarysyndan gowusyny şatlyk, şowhun bilen geçiren çagalaryň galan dynç alyş möwsümini hem ýokary guramaçylykda geçirmekleri üçin degişli işler guralýar.

 

Myrat ÇARYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.