Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÜSTÜNLIK

TÜRKMENISTANLY MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA GAZANAN ÜSTÜNLIGI

 

Türkmenistanly mekdep okuwçylary – Nagym Taňrygulyýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Jennet Zamanowa dagy 14-nji iýuldan 24-nji iýul aralagynda Sankt-Peterburgda geçirilen 62-nji Halkara matematika olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldular.

Bäsleşigiň jemi jemlenende Nagym Taňrygulyýew bilen Jennet Zamanowa 14 utuk, Muhammetmyrat Goçmyradow 12 utuk gazandylar. Şeýle-de, Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Didar Gaýypow bilen Emir Wellekow Hormat hatyna mynasyp boldular. Toparyň hatarynda Hajymuhammet Ataýew hem bardy.

Baýraklaryň köpüsini Hytaýyň ýygyndysy eýeledi, Russiýa – ikinji orna düşdi. Bäsleşige gatnaşanlary Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Irina Potehina, Halkara matematika olimpiadasynyň prezidenti Jeff Smit, eminler toparynyň başlygy Nazar Agahanow, şeýle hem dünýä belli matematik, Fildiň baýragynyň eýesi Stanislaw Smirnow gutladylar.

Halkara matematika olimpiadasyna dünýä ýurtlarynyň 107-sinden 600-den gowrak okuwçynyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

 

Ogulgurban TÄJIÝEWA, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher Geňeşiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.