Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«GÜLÜŇ OWADAN» ATLY BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan etmeginde türkmen zenanlarynyň arasynda «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmen öýlerimiziň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik çekeleşikli geçdi.

Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinden gelen zenanlar törlerimiziň bezegi bolan millikeçeleri taýýarlamak üçin gerekli esbaplaryň ulanylşy baradaky gürrüňleri we olary ulanyp görkezmekleri bäsleşige gyzyklanma döretdi.

Bu bäsleşikde welaýatyň Esenguly, Bereket we Türkmenbaşy etraplaryndan gelen zenanlar öňe saýlandylar. Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Dursun DINIÝEWA, Hazar şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri, TKA-nyň şäher birleşmesiniň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.