Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAZAR BOLÇULYGY UGRUNDA

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda oba durmuşyndan gelýän hoş habarlar göwnüňe ganat berýär. Gahryman Arkadagymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek babatynda berýän yzygiderli tabşyryklaryndan ugur alyp zähmet çekýän oba hojalykçylar häzirki wagtda döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Gündelik işlerini öz wagtynda ýerine ýetirip, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegi netijesinde, ene ýer bol hasyly kemsiz eçilýär. Häzirki wagtda gök-bakja ekinlerinden alynýan hasyl şanly toýa barylýan günlerde mynasyp zähmet sowgady bolup, bazarlarymyza dolýar. Ýerden bol hasyl almak boýunça döredilýän şertlerden netijeli peýdalanýan daýhan birleşikleri Köneürgenç etrabynda-da kän. Etrabyň «Akgala» daýhan birleşigi bu babatda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Gyzgalaňly dowam edýän hasyl ýygnamak möwsümi barada bize daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Kakabaý Ýazmyradow täsirli gürrüň berdi:

— Daýhan birleşigimizde üstümizdäki şanly ýylda jemi 86 gektar ýere gök-bakja ekinleri ekildi. Şolardan 50 gektara sogan, 15 gektara pomidor, 11 gektara käşir, galan 10 gektaryna-da beýleki gök-bakja ekinleri ekildi. Häzirki wagtda bu ýerlerde ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şertnama esasynda, 375 tonna pomidor, 1250 tonna sogan we 1000 tonnadan gowrak beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny almak meýilleşdirilýär. Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy kärendeçileri, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary bolan Aýbek Halbaýew 10, Mansur Jumanazarow 2,5, Mährem Weljikow 2,5 gektar ýerden bol hasyl almak ugrunda yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.

Daýhan birleşiginde häzirki wagtda oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygyna bu ýerdäki gök-bakja ekinleriniň hasyla duran pursatlaryny synlanyňda, aýdyň göz ýetirýärsiň. Belent maksady öňde goýup, oňa ýetmekde yhlasly zähmet çekýän «Akgala» daýhan birleşiginiň kärendeçileri bazar bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, oba adamlaryna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Döwletnazar IŞANGULYÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.