Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞYGRYÝETE BAGYŞ EDILEN ÖMÜR

Sözleriň çeperden çeperini, pikirleriň manylysyndan maňyzlysyny özünde jemleýän şygryýete adamzat baky aşykdyr. Oňa gulluk edýän adamlar bolsa ylahydan halatly, dünýäni öz gözi bilen görüp, örän inçelik bilen  beýan edip bilýän ynsanlar hasaplanylýar. Olar hakynda gürrüň edilende biziň döwrümizde ýaşap geçen şahyrlaryň biri Hudaýar Deňliýew dessine hakydamda janlanýar. Munuň şeýle bolmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Biz bu guýmagursak adam bilen köp ýyllap ýakyn gatnaşykda bolupdyk, baryş-gelişlidik. Sadadan gelen mylaýym, nurana ýüzli ynsanyň özüne imrindirýän gylyk-häsiýetleri bardy. Mahmal ýaly ýumşak, pamyk ýaly mylaýymdy. Açyk göwünliligi, ak ýürekliligi, göwündeşligi, dogan-dosta  wepalylygy, ýokary adamkärçiligi aşa okumyşlygy bilen utgaşýardy. Onuň  ömri Watanymyzyň, halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly  boldy. Şol sebäpli hem Hudaýar aga, onuň ömür ýoly, döredijiligi hakynda gürrüň etmek örän ýakymly.

Hudaýar Deňliýew 1944-nji ýylda ozalky Garabekewül etrabynyň Akgala obasynda dünýä inýär. Onuň çagalyk döwri gazaply urşuň yz ýanyndaky ga hatçylykly, kynçylykly ýyllara gabat gelipdi. Şahyryň kakasy Deňli aga 1944nji ýylyň ahyrlarynda agyr syrkawlap aradan çykýar. Maşgalada üç çagany: iki gyzy, bir ogly ekläp saklamak ejesi Aýdolyn daýzanyň gerdenine düşýär. Mährem ene bilini berk guşap, kolhozda işleýär, perzentlerini ese-boýa galdyrýar, il hataryna goşýar. Hudaýar Deňliýew 1961-nji ýylda şol wagtky Garabekewül etrabyndaky Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän 3-nji orta mekdebi tamamlaýar. 1962-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy bölümine okuwa girýär, okap ýören döw ründe harby gulluga çagyrylýar. 1964 — 1967-nji ýyllarda harby gullukda bolýar. 1967-nji ýylyň sentýabr aýynda şol wagtky Garabekewül etrabynyň «Lebap pagtaçysy» gazetiniň redaksiýasynda bölüm müdiri bolup işe başlaýar. Ol şol döwürde uniwersitetde okuwyny gaýybana dowam etdirýär.

Hudaýar Deňliýew döredijilik işine mekdep ýyllarynda başlaýar. 1960-njy ýylda orta mekdebiň 10-njy synpynda okap ýören döwri ilkinji goşgulary Saýat etrabynyň şol wagtky «Kommunizm ugrunda» gazetinde, 1964-nji ýylda «Haçana çen?» atly goşgusy bolsa «Ýaş kommunist» gazetinde çap edilýär. Munuň özi onuň merkezi metbugatda çap edilen ilkinji goşgusydy. Hudaýar Deňliýew Türkmen döwlet uniwersiteti ni tamamlandan soňra orta mekdepde mugallym bolup işläp ugraýar. Soňra etrapda radio gepleşikleriň habarçy guramaçysy, etrap «Lebap pagtaçysy» gazetiniň redaktory wezipelerinde zähmet çekdi. Ol şol döwürlerde döredijilik işi bilen çynlakaý meşgullanyp, mekdebe çenli we kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin şygyrlaryny, ýaşlaryň durmuşyny beýan edýän, Watanymyzyň gözel tebigatyny, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri wasp edýän goşgularyny okyjylara hödürledi. Hudaýar aganyň ýazan goşgulary welaýat we merkezi gazet-žurnallarda yzygiderli çap edildi. Onuň çagalar üçin döreden goşgulary 1990-njy ýylda neşir edilen «Inji» atly kitabynda jemlenildi. Şahyryň 1992-nji ýylda «Armanym galdy», 2011-nji ýylda «Kalbymyň owazy», 2014-nji ýylda «Bu gün bizde toý» diýen atlar bilen çykan kitaplary okyjylara ýetirildi. Şahyryň çagalar üçin döreden goşgularynyň 20-si we tapmaçalar toplumy BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň 20 ýyllygy mynasybetli 2010-njy ýylda neşir edilen «Ertekileriň dowamy» atly kitabyna girizildi.

Zehinli şahyr dürli ýyllarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, onuň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti we welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan guralan döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, birnäçe gezek olaryň ýeňijisi boldy. Şahyr 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Şa serpaýyna mynasyp boldy. Özüniň çekýän zähmetine, döredijilik işine ýokary baha berilmegi Hudaýar aganyň başyny Göge ýetiripdi. Şeýle ykrar edilme onuň ylhamynyň has-da joşmagyna getiripdi.

Döredijilik ýoly — güzaply ýol. Onda hakyky zehinliler özüne ýol-ýoda tapyp bilýärler. Şeýle ykbal Hudaýar aga-da miýesser etdi. Munuň üçin köp okady, öwrendi, halypalaryň maslahatlaryna eýerdi. Ýokary okuw mekdebinde okan ýyllarynda türkmen edebiýatynyň kerwenbaşylary Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Halyl Kulyýew, Gurbannazar Ezizow, Kaýum Taňrygulyýew ýaly ussat halypalardan şygryýetiň inçe tilsimlerini öwrendi. Ýyllaryň geçmegi bilen onuň özi hem halypalyga ýetişdi.

Hudaýar Deňliýewiň gapysy-da edil şahyr göwni ýaly hemişe açykdy, duzçörekli desterhanynyň töweregi dostlaryndan, şägirtlerinden, şygryýetiň muşdaklaryndan doludy. Ol döredijilik işine ýaňy girişýän ýaşlary güler ýüz bilen garşylardy. Zehin uçgunlary köreýän, geljegine umyt bildirilýän ýaşlaryň ýazan goşgularyny uly höwes bilen diňläp, olara degerli maslahatlary bererdi. Ol edebiýat älemine öz ýüzi, öz sözi bilen aralaşýan ýaş şahyrlara guwanardy.

Hudaýar aga göreldeli maşgala başydy, talapkär atady. Ol ýanýoldaşy Gurbangözel daýza bilen dokuz perzendi kemala getirdi. Olaryň hersi bir käriň eýesi. Uly gyzy Akmaýa mekdepde mugallym. Ekiz gyzlary Äşe we Patma, Maýsa, Laçyn Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamladylar. Äşedir Patma Ahal welaýatynyň ýörite sazçylyk mekdebinde, Maýsa çagalar sungat mekdebinde mugallym bolup işleýärler. Laçyn tamamlan okuw mekdebinde talyplara dutar dersinden sapak berýär. Şahyryň gyzlarynyň çalýan şirin sazlary türkmen telewideniýesiniň ýaýlymlarynda häli-şindi ýaňlanyp dur. Gyzy Gülaýym ykdysatçy bolup işleýär. Çemen şepagat uýasy. Ogly Akmuhammet we gyzy Jennet bolsa telekeçilik bilen meşgullanýarlar.

Agzybir maşgalanyň agzalary, dost-ýarlary, tanyş-bilişleri, şygryýetiň köpsanly muşdaklary Hudaýar Deňliýe wi ýagşylykda ýatlaýarlar, onuň göreldesine eýerip, halal zähmet çekýärler, hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden bagtyýarlyk döwrümize guwanyp ýaşaýarlar. Şahyryň çeper goşgulary we ýokary adamkärçilige beslenen keşbi bolsa köpleriň hakydasynda uzak wagtlap ýaşar. Bu bolsa islendik döredijilik adamsy üçin uly bagtdyr.

 

Ýagmyr MYRADOW, Halaç etrabynyň Garabekewül şäheri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.