Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞÖHRATLY ÝYLYŇ BATLY GADAMY

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösen döwletleriň hataryna ymykly goşulmagy üçin bimöçber uly tagallalary edýär. Şeýle uly aladanyň netijesinde güneşli ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine çykyp, kalplarymyzy joşa getirýär. Şol ösüşiň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem dowam etmegi buýsançlydyr. Çünki, dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysady çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolan pursatynda biziň döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagy hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynyň miwesi diýip aýdyp bolar.

Üstümizdäki ýyl şanly wakalaryň ýylydygy bilen şöhratlydyr. Bu ýylda ýurdumyz gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabara bilen belledi. Bu günki günde bolsa halkymyz has şöhratly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Şol uly toýa sowgatly barmak biziň hemmämiziň borjumyzdyr. Şeýle mukaddes borçdan ugur alýan kärdeşler arkalaşygynyň agzalary — mugallymlar toýa sowgat hökmünde täze okuw ýylyna gowy taýýarlyklar bilen barýarlar.

 

Begenç MYRADOW. Ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.