Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖSÜŞLERIŇ AK ÝOLY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz parahatçylygyň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýar.

Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mähriban halkymyzyň uly üstünlikleri gazanjak we berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende galjak ýyly bolar. Çünki, halkymyz hormatly Arkadagymyzyň okgunly durmuşa geçirýän maksatnamalaryny nurana geljegimize gönükdirilen il-ýurt bähbitli ýörelgelerini tüýs ýürekden goldaýar.

Biz hem ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan milli Liderimiziň tutuş adamzadyň parahat, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan ynsanperwer, adyl syýasatynyň mundan beýläk-de dabaralanmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Goý, ýurdumyzy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly bilen ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Maýsagözel ANNADURDYÝEWA. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.