Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYK — GÖWÜNLERIŇ GANATY

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleriň gazanylmagy halkymyzyň agzybirligini, döwlet dolandyrylyşynyň kämilligi ni görkezýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagyň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagyň döwletimiziň esasy maksady bolup durýandygy bellenilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat hut şundan ugur alýar. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda hemmetaraplaýyn ösüşi gazanmak bilen birlikde beýleki ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini hem nazara alýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň täze eýýamydyr. Bu döwürde amal edilýän işler uludyr. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzy berkitmek üçin giň möçberli işleri amala aşyrýar. Bu hak da «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitapda şeýle bellenilýär: «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň halkynyň öz Gahryman Arkadagynyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçiren ähli giň göwrümli özgertmeleri geljek üçin juda uly ädim ädendiginiň, joşgun bilen öňe barýandygynyň mysalydyr. Täze zamanyň taryhy ähmiýeti hem şondan ybaratdyr».

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmu şa geçirilmegi netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyz üçin alyp barýan işlerine tüýs ýürekden guwanýan halkymyzyň kalbynda milli Liderine bolan çäksiz hoşallyk möwç urýar.

 

Ogulnur ANNANEPESOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.