Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Tejen şäher häkimliginiň hemde jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda şäheriň Jemagat hojalygy müdirliginde zähmet çekýän işçi hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Ýaşlarymyz röwşen geljegimizdir” atly duşuşyk zähmetkeşleriň zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olara hukuk bozulmalaryň ýagdaýlaryny duýdurmak, jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän alada, olaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler we şertler barada giňişleýin durup geçmek bilen, duşuşyga gatnaşyjylara milli kanunçylygymyzy düşündirdiler. Duşuşykda özara sowal-jogap alyşmalara aýratyn orun berildi. Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ogulgurban TÄJIÝEWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen şäher Geňeşiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.