Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇEKELEŞIKLI ÝARYŞ

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Berkarar döwletiň sagdyn nesli» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. Merkezde tomusky dynç alyş möwsümini hoş geçirýän mekdep okuwçylarynyň her bir gününiň manyly we netijeli bolmagyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes edenler köp boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ähmiýeti bellenilip, çagalara üstünlik arzuw edildi. Dabaraly açylyşdan soňra, woleýbol meýdançasynda ýaryş badalga aldy. Onda merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlar öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Ýaryş çagalara sport ussatlygyny, erjelligini we çalasynlygyny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde «Joşgun» topary garşydaşlaryndan üstün çykyp, birinji orny eýeledi.

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.