Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYGYMYZ — BAŞ BAÝLYGYMYZ

Änew alyjylar jemgyýetinde «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony ýörite meýilnama esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Ak bugdaý etrap birleşmeleri, saglygy goraýyş edaralary bilelikde gurady. Maslahatda ilatymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen işleriň ähmiýeti we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň peýdasy dogrusynda söhbet edildi. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň möhümdigi bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn üns çekildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, tomus pasly — dürli ir-iýmişleriň, miweleriň ýetişýän döwri. Sahawatly topragymyzyň şol datly nygmatlary adam bedeni üçin zerur ýokumlara juda baýdyr. Şoňa görä-de, tomsuň häzirki günlerinde şeýle önümleri köpräk iýmeli, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny yzygiderli ýokarlandyrmaly. Şol bir wagtyň özünde saglygyňy dürli kesellerden goramaly. Tomsuň yssy günlerinde daşary çykylanda ýanyňda saýawan götermeli, gözüňi Günüň ýiti şöhlesinden goramak üçin ýörite äýnek dakynmaly. Maslahatyň barşynda agyz-burun örtüklerini ulanmak, degişli howpsuz araçägi saklamak, şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmek bilen baglanyşykly gymmatly ündewler edildi. Bu çärä gatnaşyjylar ildeşlerimiziň sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Yhlas ANNAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň kömekçisi.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.