Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ŞAN-ŞÖHRATLY SIZIŇ BILEN, ARKADAG!

Gündogar senenamasy boýunça 2014-nji ýyl at ýyly boldy. Şoňa görä-de, okgunlylygy hem-de ýyndamlygy alamatlandyrýan ahalteke bedewi Türkmenistanyň iň täze taryhyndaky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üçünji ýylynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Şol ýylda Watanymyzda hem-de daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy bellenip geçildi.

Hut şu iki ýagdaý köp babatda 2014-nji ýylda ak mermerli Aşgabadyň durmuşyndaky esasy syýasy, ykdysady we medeni wakalaryň ähmiýetini kesgitledi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny işjeňlik bilen goldaýarlar, tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmaga çalyşýarlar.

surat

Ýylyň başynda, ýagny 7-nji ýanwarda milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşdy. Onuň barşynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy. Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, 2014-nji ýyl we ýakyn geljek üçin kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmegini 2014-nji ýylda türkmen jemgyýetiniň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň hatarynda görkezmek bolar. 28-nji sentýabrda Aşgabatda bu partiýanyň esaslandyryjy gurultaýy geçirildi. Şonuň netijesinde 2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleri gatnaşdylar.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2014-nji ýylda hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik we guramaçylyk tagallalary netijesinde paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, bu ýerde döwrebap durmuş, inženerçilik-tehniki hemde ulag-kommunikasiýa düzümini döretmek, şäheriň gulluklarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek işinde uly üstünlikler gazanyldy.

Arkadag Prezidentimiz Aşgabady ösdürmegiň möhüm ähmiýetli taslamalarynyň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklap, ýylyň dowamynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksadynda ýurdumyzyň baş şäheriniň dürli künjeklerine iş saparlarynyň 19-syny amala aşyrdy.

Hususan-da, ýylyň tutuş dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň, Halkara howa menziliniň binalar toplumynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji, 13-nji we 14-nji tapgyrlarynyň çäklerinde täze desgalaryň, Parahat 7 ýaşaýyş toplumynyň binalarynyň gurluşygy, Aşgabadyň Merkezi meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly we beýleki meseleler döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde boldy.

2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dürli maksatly desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berildi. Mysal üçin, 26-njy martda milli Liderimiz Halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminalynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu ýerde milli Liderimiz ýurdumyzyň buýurmasy boýunça gurlan «Boeing 777-200 LR» uçar bilen tanyşdy.

26-njy aprelde, Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunyň we N.Andalyp köçesiniň çatrygynda gaýtalanmajak gözelligi, syrdamlylygy hemde ýyndamlygy bilen tapawutlanýan ajaýyp Ýanardag atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bedewiň şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda öz beýanyny tapdy.

24-nji maýda, Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň merkezinde «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň hemde durky täzelenen «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy.

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi açyldy. Ol ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini kemala getirmekde esasy merkezleriň birine öwrüldi.

21-nji iýulda döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesini ulanmaga bermek hem-de birnäçe lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň täze bilim binasyny açmagy asylly däbe öwrüldi. Bu gezek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ajaýyp binasy ulanmaga berildi.

3 — 4-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gabatlanylyp, Halkara gümrük terminaly, Halkara awtomenzili açyldy hem-de ýokary tizlikli «Aşgabat — Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň ilkinji günleri hem möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Şol günlerde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyş dabaralarynyň ençemesi boldy. Hususan-da, 1-nji oktýabrda milli Liderimiz Atamyrat Nyýazow şaýolunyň durky täzelenen bölegine baryp gördi. Şol ýerde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi, orta mekdepleriň 2-si we çagalar baglarynyň 2-si ulanylmaga berildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Işewürlik merkeziniň» binasynyň toý bagyny kesdi, şeýle hem «Telekeçi» söwda merkezine baryp gördi we Köpetdagyň eteginde «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy öndürýän kärhananyň açylyşyna gatnaşdy.

Şol gün milli Liderimiz Aşgabadyň merkezindäki binalar bilen ajaýyp sazlaşygy döreden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze binasynyň açylyşyna gatnaşdy.

2-nji oktýabrda bolsa döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda derman serişdelerini öndürmek üçin Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanany açdy.

6-njy oktýabrda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy açyldy we Hatyra gününe bagyşlanan çäreler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli gahrymanlary, edermen ata-babalarymyzy hatyralamagyň türkmen halkynyň asylly däbi bolup durýandygyny belledi. Ýadygärliklere gül desselerini goýmak çäresi tamamlanandan soň, milli Liderimiz bu ýerde döredilen muzeýi synlady.

Ýylyň ahyrynda, ýagny 26-njy dekabrda Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşýän, sebitde iň iri desgalaryň biri hasaplanýan «Berkarar» Söwda-dynç alyş merkezini açdy.

Tutuş 2014-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Şolaryň çäklerinde halkara ähmiýetli ylmy maslahatlar we şygryýet duşuşyklary, sahna oýunlary hem-de filmleriň görkezilişi, Magtymgulynyň dürli dillerde neşir edilen eserleriniň tanyşdyrylyş çäreleri guraldy.

Ýubileý ýylynda paýtagtymyzyň tomaşaçylaryna Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatry tarapyndan döredilen «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýny hödürlenildi, şeýle hem «Magtymguly» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy.

2014-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça giň gerimli işler geçirildi. Şu maksat bilen noýabr aýynda Aşgabatda guşakly göreş hem-de türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty guraldy.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugry barada aýdylanda, 2014-nji ýylda paýtagtymyzda bolan esasy wakalaryň hatarynda daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 11 saparyny hemde iri halkara forumlaryny görkezmek bolar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň köpugurly häsiýete eýedigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylyp, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan» atly täze kitabynyň hem uly seslenme döredendigini bellemelidiris.

Şeýlelikde, 2014-nji ýylda eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň köpöwüşginli durmuşynda ýurdumyzda bolup geçýän ähli ykdysady we syýasy wakalaryň, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň ýeten derejesiniň, onuň döredijilik we intellektual kuwwatynyň, esasy durmuş ýörelgeleriniň öz aýdyň beýanyny tapandygyny aýratyn nygtamalydyrys. Täze eýýamyň — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleri hem şol ýörelgeleriň esasynda üstünlikli amala aşyrylýar.

 

 Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.