Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HALKARA SPORT ÄLEMINDE ARKADAGDAN ARKALY, GIŇ DÜNÝÄDE SARPALY ÝURDUMYZYŇ ZENAN TÜRGENLERINIŇ ORNY” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň   Zenanlar   birleşiginiň Merkezi  Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Tokioda geçirilen  XXXII  tomusky, Olimpiýa oýunlarynda sportuň  agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip,  ýurdumyzyň taryhynda  ilkinji  gezek  olimpiýa oýunlarynyň medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewanyň  üstünligine  bagyşlanan,  “Halkara sport äleminde Arkadagdan arkaly, giň dünýäde sarpaly ýurdumyzyň zenan türgenleriniň orny” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

surat

Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportunyň ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna, türgenlerimiziň Tokioda geçen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi ugrunda döreden ajaýyp mümkinçiliklerine bolan hoşallygyň beýanyna öwrülen bu maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Gurbangül  Kakalyýewna Ataýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň  başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, Türkmenistanyň at gazanan sport  ussady Polina Gurýewa,  “Zenan kalby” žurnalynyň edebi işgäri Ogulbaýram Taganowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Bedenterbiýäniň, sportuň nazarýeti we usulýeti kafedrasynyň uly mugallymy,  institutyň ilkinji  zenanlar guramasynyň başlygy Läle  Annamyradowa, Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany Ejeş Öwezowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy, Magtymguly adyndaky ilkinji  ýaşlar guramasynyň başlygy Maksat Döwletow dagy çykyş etdiler.

Maslahatda türgenlerimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşandygy, onda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewanyň ýokary üstünlige eýe bolup, ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga saldamly goşant goşandygy şeýle-de, Olimpiýa oýunlaryndaky ýokary netijeleri üçin bu türgeniň Şa serpaýyna mynasyp bolandygy bilen baglanyşykly buýsançly gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, türkmen sportuny ösüşiň belentliklerine çykarmak, ýurdumyzy sagdynlygyň, sportuň mekanyna öwürmek ugrundaky taýsyz tagallalaryna aýratyn üns çekildi.

Hoşallyk maslahatynda türgenimiz Polina Gurýewanyň Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlikli çykyşy barada aýratyn durlup geçildi. Mälim bolşy ýaly, ol bu ýaryşda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram netije görkezmek bilen, türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Gazanan bu ajaýyp üstünligi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, oňa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» - diýen hormatly at dakyldy. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisiniň  kararyny okamak üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň  başlygynyň orunbasary Ýazpolat  Keriýewe  söz berildi. Maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň  “Paýhas synagy”  bölüminiň müdiri Aknabat  Klyçewa alyp bardy. Aýdym-sazly çykyşlara utgaşan maslahata gatnaşyjylar bagtyýarlyga beslenen döwrümizde köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, ata Watanymyzyň halkara sport abraýyny arşa götermek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda sport ussatlyklaryny görkezmegi ugrunda giň mümkinçiliklerdir şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.