Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“TOÝLY MEKAN, EZIZ WATAN TÜRKMENISTAN” ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde gurnamaklarynda “2021 nji ýyl, Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Toýly mekan, eziz Watan Türkmenistan” atly dabaraly maslahaty geçirildi.

Maslahaty  “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymynyň ” Watan waspy” atly gepleşiginiň redaktory Ogulbossan Arrykowa alyp baryp, onda “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň suw we lagym abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň hünärmeni, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Gülnabat Babaýewa,  “Aşgabatýylylyk” trestiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başga işlerden boşadylan hünärmeni Annamyrat Baýlyýew, “Aşgabatýylylyk” trestiniň operatory, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Gurbanguly Garaýew, Ýol hojalygyny abat saklaýyş we ulanyş müdirliginiň hünärmeni Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Babanazar Seýranow, Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başga işlerden boşadylan başlygy Kümüş Nazarowa dagy çykyş etdiler. Maslahat Türkmenistanyň Maýa Kuliýewa adyndaky milli konserwatoriýanyň uly dutarçy mugallymy Aýgül Ýagşyýewanyň, Türkmenistanyň Maýa Kuliýewa adyndaky milli konserwatoriýanyň uly dutarçy mugallymy Durjemal Çandyýewanyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Gülşirin Annamyradowanyň çykyşlary bilen dowam etdi.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.