Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BILIMLI NESIL - KUWWATLY WATAN” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly maslahaty geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň maslahatçysy Bezirgen Ataýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Didar Hydyrow , Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarymyň Milli Merkeziniň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Hanaly Baýramow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Arslan Myradow, Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Mahrijemal Bereketowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Iş dolandyryjysy Begmuhammet Meredow çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.