Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BELENT ÖSÜŞLERIŇ ÝYLY

Türkmen halky bu günki gün ajaýyp özgerişleriň zamanynda, her bir güni toý-baýramlara beslenýän jenneti mekanda ýaşaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda ykdysadyýetiň, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir ýurdumyzyň zähmetsöýer halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ygtybarly ösüşini üpjün edýär. Türkmen halky özüniň ähli ugurlarda ýetýän belent sepgitlerini giňden tutulýan ajaýyp toý-baýramlar bilen utgaşdyrýar.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl hem şeýle baýramçylyklara baý ýyllaryň biridir. Şolaryň içinde iň wajyplarynyň biri hem ýene-de sanlyja günden uly dabara bilen belleniljek baş baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýudyr.

Bu ajaýyp baýramçylyga Watanymyzyň ähli künjeginde giňden taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň her bir raýaty baş baýramçylygymyza mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýar. Çünki, biziň şu günki eşretli zamanamyzyň gözbaşynda halkymyzyň alnyndan ak gün bolup dogan Beýik Garaşsyzlygymyz durýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň pugtalanmagyna, Watanymyzyň geljekde hem bedew bady bilen öňe gitmegine özüniň mynasyp goşandyny goşmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar.

 

Sona IŞANOWA, Murgap etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy. KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.