Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

REDAKSIÝANYŇ ELEKTRON POÇTASYNDAN: TÄZELIKLER, HABARLAR, WAKALAR

Aşgabat. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Bilim mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Bi­lim — jemgyýetiň öňe gitmeginiň, döwletiň ösmeginiň berk binýadydyr» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda geçen bu mas­la­hat «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna hem-de Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlandy. Oňa professor-mugallymlar, talyplar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylan ösüş-özgerişler, ýaşlaryň umumy ylym-bilim derejesiniň ýokarlanýandygy, sagdyn jemgyýeti gurmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler barasynda giňişleýin gürrüň etdiler. Il-ýurdumyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, kämil jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda edýän irginsiz aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.

Balkan.Ýakynda Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesinden gatnaşan wekiller çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň we bilim işgärleriniň saglygyny gorap saklamak hakynda döwlet Baştutanymyzyň edýän aladalary barada giňişleýin durup geçdiler. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary, raýatlaryň kanun esasyndaky hukuklary we borçlary barada düşünje bermek, sagdyn durmuş ýörelgesine, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge çagyrmak çykyşlaryň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär.

Arzygül AGAROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işler bölüminiň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.