Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ŞAN-ŞÖHRATLY SIZIŇ BILEN, ARKADAG!

10. 2016-njy ýyl: giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen

 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hor­mat­ly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen 2016-njy ýyl milli buýsanjymyza öwrülen köpsanly möhüm ähmiýetli wakalara, asylly başlangyçlara, uly zähmet ýeňişlerine baý boldy.

surat

Däp bolşy ýaly, ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy. Milli Liderimiz duşuşykda maksatnamalaýyn çykyş edip, konstitusion özgertmeleri nazara almak bilen, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi. Mälim bol­şy ýa­ly, 15-nji few­ral­da hal­ky­myzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň re­je­le­nen görnü­şi­niň tas­la­ma­sy çap edil­di. 2014 — 2015-nji ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Ar­ka­dag Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Konstitusion topar tarapyndan şol taslamanyň üstünde işlenildi. Taslama çap edilenden soň, gelip gowşan teklipleri öwrenmegiň, seljermegiň hem-de umumylaşdyrmagyň netijesinde Esa­sy Ka­nu­nyň gu­tar­nyk­ly re­je­le­nen görnüşiniň taslamasy Türkmenistanyň Ýaşulular Maslahaty tarapyndan makullanyldy hem-de 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda, ýurdumyzyň Garaş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Ol özüne täze maddalaryň 28-sini birleşdirdi, üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Milli Liderimiziň ýaşlar bilen maslahat geçirmegi hem möhüm waka boldy. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ýaşlaryň orny bilen baglanyşykly esasy meseleler barada gürrüň edildi. Döwletimizde ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

15-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisi tarapyndan 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek hakyndaky Karary kabul etmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Şol saýlawlara ilkinji gezek ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň üçüsi gatnaşdy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilen ýylynda geçirilen şu we beýleki iri jemgyýetçilik­syýasy, durmuş­ykdysady hem­de taryhy­medeni wakalar biziň ak mermerli paýtagtymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut ýurdumyzyň baş şäheriniň okgunly ösmegi hem­de binagärlik keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi türkmen döwletiniň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, maý aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň paýtagty hakyndaky» Kanunyň güýje girendigini hem-de Aşgabady ösdürmegiň 2015­2016-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we bagy­bossanlyga öwürmek meselelerine Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarynda

ençeme gezek garalandygyny bellemelidiris. Paýtagtymyzyň häkimliginde 17­nji maýda geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň etraplaryny 2015­2016-njy ýyllarda ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, şol ýylda iri senagat we durmuş ähmiýetli desgalaryň 383­siniň ulanmaga berlendigi bellenildi. Ýylyň ahyryna çenli dürli maksatly desgalaryň ýene­de 276­synyň gurluşygyny tamamlamagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda fewral aýynyň ortalarynda Büzmeýin etrabynda «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümlerini öndürýän iri kärhanasynyň açylandygyny bellemek bolar.

14-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň toplumyna girýän täze sport desgasyny açdy. Bu ýerde motosport boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin niýetlen desga guruldy we enjamlaşdyryldy. Munuň özi sportuň tehniki görnüşlerini ösdürmekde möhüm tapgyr boldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanylyp, Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda Açyk manež ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, bu desga halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Şol wakanyň öňüsyrasynda milli Liderimiziň «Gadamy batly bedew» atly täze kitaby neşir edildi.

Däp bolşy ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň nobatdaky senesine gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli iri desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol desgalaryň ählisi halkara güwänamalaryna mynasyp boldy.

Ýurdumyzda umumymilli derejede bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy.

17-nji sentýabrda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bir ýyl galanda, milli Liderimiz Aşgabadyň Halkara howa menzilini açdy. Bu Halkara howa menzili 1200 gektar meýdany eýeleýär we özüne 100-den gowrak desgany birleşdirýär. Halkara howa menzili ýylda 17 milliondan gowrak ýolagça ýa-da sagatda 2 müň ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Türkmenis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­liginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkezini hem-de ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meş­hur «Ge­ne­ral Electric» ame­ri­kan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasyny açdy. Şol gün döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň 3-nji tapgyrynyň hem-de Garagum derýasynyň üstünden çekilen täze awtomobil köpriniň açylyşyna gatnaşdy.

Şondan iki gün geçenden soň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we G.Ezi­zow kö­çe­le­ri­niň ara­ly­gynda, paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynyň, dükanlaryň ençemesi hem-de çagalar bagy guruldy.

2016-njy ýylyň dowamynda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görlendigini bellemelidiris.

Şunuň bilen baglylykda, 5-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky gadymy Nusaý galasynyň go­la­ýyn­da 500 gün­lük at­ly ýö­rişe badalga berdi. Atly ýigitleriň 17-si Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziadanyň alawyny ellerine alyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça ýola düşdüler. Atly ýöriş welaýatlaryň her birinde 100 günläp dowam edip, onuň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalara laýyklykda, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary wasp edildi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda Olimpiýa şäherçesiniň esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlandy. Şoňa görä-de, iri sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda, bu ýerde halkara synag ýaryşlary geçirildi. Şolaryň hatarynda sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, jiu-jitsu, ýeňil we agyr atletika, kikboksing, tennis, basketbol, suwda ýüzmek boýunça Aziýanyň çempionatlary bar. Bu ýa­ryş­lar Azia­da—2017-ä taý­ýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlary boldy.

«Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda mähriban halkymyzyň baý taryhyny we medeniýetini çuňňur öwrenmek boýunça netijeli işler amala aşyryldy. 2016-njy ýylda Aşgabat halkara jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde bol­dy. Ap­rel aýyn­da 2016 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Bu maksatnama özüne hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň bäşisini birleşdirdi. Galyberse-de, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistan onuň üç düzümine biragyzdan saýlanyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyl­ly­gy­nyň Aş­ga­bat­da BMG-niň wekilhanasynyň täze edara binasynyň açylmagyna gabat gelendigi bilen ünsüňi özüne çekýär. 26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň şol döwürdäki Baş sekretary Pan Gi Mun bilelikde bu ajaýyp binany açdylar. 26 — 27-nji no­ýabr­da Aş­ga­bat­da geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat möhüm ähmiýetli halkara waka öwrüldi. Bu forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Beýannama BMG-ä agza döwletleriň strategik ugurda bilelikdäki hereketleri üçin esasy ýörelgeleri kesgitledi. Umuman, 2016-njy ýylyň netijeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça okgunly we sazlaşykly ösýän döwlet hökmünde tutuş dünýäde abraýynyň barha artýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.