Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZELIKLER. WAKALAR. MAGLUMATLAR.

Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de Ze­nan­lar bir­le­şi­giniň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň mej­lis­le­ri ge­çi­ril­di. Ola­ryň bar­şyn­da gu­ra­ma­çy­lyk me­sele­le­ri­ne ga­ral­dy. Mej­lis­le­re gat­na­şy­jy­lar jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň hem-de Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Wa­ta­ny­my­zyň Garaş­syz­ly­gy­ny pugtalandyrmak, ra­ýat­la­rymy­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni üp­jün et­mek hem-de dö­re­di­ji­lik­li we ön­dü­ri­ji­lik­li zähmeti hö­weslen­dir­mek iş­le­ri­ne uly go­şant goş­ýan­dygy­ny bel­le­di­ler. Bu­la­ryň äh­li­si hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mak­sat­la­ry­na hem-de wezipelerine la­ýyk ge­lip, döw­le­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­me­gi­ne we hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýokar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Mej­lisler­de G.Ata­ýe­wa­nyň baş­ga işe geç­me­gi se­bäp­li, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň tä­ze ýol­baş­çy­la­ry­ny saý­la­mak ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň bi­ri bol­dy. Bu me­se­le boýun­ça çy­kyş eden­ler bir we­zi­pä bir­nä­çe da­laş­gä­ri hödürlediler hem-de ola­ryň her bi­ri­niň hü­när, gu­ra­ma­çy­lyk we beý­le­ki başar­nyk­la­ry­ny bel­le­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­ziniň baş­ly­gy hem-de Zenanlar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ses be­ril­me­gi­niň jemleri bo­ýun­ça A.Durdy­ýe­wa bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­dy hem-de de­giş­li ka­rar­lar ka­bul edil­di.

“Metbugat çapary”

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.