Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BUÝSANÇLY ÖSÜŞLER

Türkmenistan Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna eýe bolanyndan bäri, köp sanly durmuş, syýasy hem-de medeni özgerişlere eýe boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ylym-bilime, medeniýete goýýan belent sarpasynyň we bu ugurda bitirýän beýik işleriniň netijesinde taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hemmetaraplaýyn içgin öwrenilip, türkmen taryhynda täze sahypalar açylýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlarda ösüşlere beslenýän Watanymyzda, milli Liderimiziň aladalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmekde we ony dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýar.

Bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleriniň sarpasynyň belentde tutulyp, paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän Medeniýet şäherçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, türkmen medeniýetine sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek baradaky taýsyz gallasynyň aýdyň şöhlelenmesidir.

Toýlary-toýa ulaşýan ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralanýan günlerinde ak mermere beslenen paýtagtymyzda ulanylmaga berilýän döwrebap binalar hem baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny goşalandyrýar.

Halkymyzyň geçmiş taryhyndan söz açýan täsinden täsirli muzeý gymmatlyklary, dür- döwürleriň şaýady bolan müň bir öwüşginli halylarymyz, türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň heýkelleri hem-de bazar bolçulygynyň aýdyň nyşany bolan häzirki zaman Söwda merkezleridir döwrebap bazarlar «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň iş ýüzünde dabaralanmasydyr.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uludan toýlanýan toý-baýramlar, sahawatly Diýarymyzyň buýsandyryjy ösüşlerini äleme ýaýyp, türkmeniň ylham güzerine joşgun eçilýär.

Parahatçylygy döwlet syýasatynyň baş ugry hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy ýurdumyzyň parahatçylyk babatda gazanýan uly üstünlikleri, dünýä döwletlerine nusgalykdyr. Parahatçylygy döwletimiziň esasy ýörelgesine öwren milli Liderimiz asudalygyň, dost-doganlygyň döwleti ösdürmekde esasy şert bolup durýandygyny, ajaýyp eserlerinde belläp geçýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserleri aýdyň mysal bolup biler.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän medeni çärelerde hem Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen bagty, edilýän çykyşlarda, şirin mukamlarda öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründen ruhlanyp işlemegi, okamagy, döretmegi, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň giň gerimde ösmegi, dosta barýan ýollaryň has-da uzalmagy, kämilleşmegi üçin taýsyz tagallalar edip, göwünleri galkyndyryjy çözgütleri kabul edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Ene MÄMMEDOWA, Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.