Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARASSAÇYLYK — SAGLYGYŇ GIREWI

Ge­çen hep­de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dysa­dy ara­gat­na­şyk­lar ministrliginiň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ber­ka­rar­lyk et­ra­by­nyň Azyk söw­da kär­ha­na­sy­nyň KA-nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Oňa kärha­na­nyň ag­zy­bir iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.

Du­şu­şy­gy ge­çir­me­giň esasy mak­sa­dy, milli Liderimi­ziň 2021-nji ýy­lyň 25-nji aw­gus­tyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň giňişleýin mej­li­sin­dä­ki söw­da des­ga­lary­nyň (azyk we gün­de­lik dur­muş ha­ryt­la­ry­ny satýan dü­kan­lar­dan baş­ga­la­ry­nyň) we jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti no­kat­la­ry­nyň (toý mekanlary­nyň, res­to­ran­la­ry­nyň kafe­le­riň, na­har­ha­na­la­ryň) iş­le­ri­ni çäk­len­dir­mek, şeý­le hem müş­de­ri­le­re el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz we do­ly ber­jaý et­mek­den ybaratdyr.

Du­şu­şyk­da hü­när­men­le­re kär­ha­na­nyň mad­dy en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, iş­gär­le­riň kär­ha­na­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi­ni, ke­selle­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça al­nyp baryl­ýan iş­le­ri ­berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly­dy­gy ba­rada giňişleýin dü­şün­di­ril­di.

Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň se­bit­de we dünýä­de parahat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak we bu ba­ra­da ge­çi­ril­ýän iş­ler­de her bir yn­sa­na düş­ýän we­zi­pä­niň dog­ry we dürs ber­jaý edil­me­li­di­gi nyg­tal­dy.

Wa­gyz-nesihat du­şu­şy­gyn­da söw­da dü­kan­la­ryn­da we jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti hyz­mat­la­ryn­da hü­när­men­leriň iş­le­ri­ni göw­ne­jaý al­nyp bar­ma­gy, sa­ty­jy­la­ryň mede­ni­ýe­tin­den, hoşamaýly­gyn­dan, hyz­mat ediş­de ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň peý­da­la­nyl­ma­gyn­dan başlanyl­ýan­lygy wa­gyz edil­di. Dü­kan­lar­da aly­jy bi­len sa­ty­jy­nyň gürrüň­deş­li­gi­niň söwda işi­niň iň bir ze­rur bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy, söw­da işin­de esa­sy he­re­ket ed­ýän şahs aly­jy bo­la­ny üçin, söw­da­nyň ne­ti­je­si­niň aly­jy­nyň ha­ryda bo­lan ga­raý­şy­na, hyzmat­dan, gür­rüň­deş­lik­den, medeniýetinden täsirlenmegine baglydygy aýdyldy.

Duşu­şy­gyň ahy­ryn­da ýur­du­myz­da hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýokarlandyr­mak ba­bat­da uly ta­gal­la­lar ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş söz­leri aýdyldy.

 

Amangül DADAÝEWA, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Azyk söwda kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.