Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

PÄLWANLAR GÜÝÇ SYNANYŞDYLAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň dabaraly belleniljek ýylynda Bereket etrabynda ene topragymyzyň hasylyny artdyrjak göwrümi 18 million kub metr bolan suw howdany dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gurlup ulanylmaga berlen suw howdanynyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda ýerine ýetirilen medeni çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Dabarada Bereket etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň ussat türgenleri türkmen milli göreşi boýunça Serdar etrabynyň pälwanlary bilen güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda baş baýraga bereketli pälwan Resul Düwlenow mynasyp boldy. 2-nji baýraga Toýmämmet Gurbanow, 3-nji baýraga Bereket etrap sport mekdebiniň tälimçisi Aşyrgeldi Garaýew mynasyp boldy. Ýeňiş gazanan türgenlere Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň aňyrsynda halkyň, il-günüň aladasy ýatyr. Bize şunuň ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

 

Alik NEDIRHANOW, Bereket etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň usulyýetçisi, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.