Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WELAÝATLARDAN HABARLAR

Golaýda TKA-nyň Mary welaýat birleşmesi welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde «Mary» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri bilen birlikde işjeň agzalary, welaýat saglygy goraýyş ulgamynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Duşuşykda Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy G.Kadyrowa, welaýat AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň lukmany T.Hojanyýazowa, Mary etrap hassahanasynyň lukmany S.Kulyýewa dagy çykyş etdiler. Bu ýerde edilen çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertleriň ruhy-ahlak we jemgyýetçilik abadançylygynyň bolmagyny gazanmakdadygy nygtaldy.

 

Sel­bi HA­NO­WA, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.