Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometrologiýa baradaky gullugyň işgärleriniň arasynda ýiti ýokanç keselleriň döremegine we ýaýramagyna garşy göreşmekde arassaçylyk kadalarynyň talaplaryny berjaý etmek barada we ýurdumyzda sentýabr aýynyň dowamynda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly çäre bilen bagly hem-de sanlyja günden Diýarmyzda giňden bellenip geçiljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toý baýramy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy B.Rozyýewiň, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi D.Hojamgulyýewiň, Gidrometrologiýa baradaky gullugyň başlygynyň orunbasary A.Seýitmuhammedowyň, Gidrometrologiýa baradaky gullugyň metodologiýa gözegçilik bölüminiň başlygy M.Mämmetkurbanowyň giňişleýin çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda  Hormatly Prezidentimiz tarapyndan   ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramakda we ynsanyň ömür dowamlylygyny uzaltmakda durmuşa geçirilýän nusgalyk işler, 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmekde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ylymyň we tehnikanyň gazanan öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylyşy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap demir, deňiz, derýa ýollarynyň gurluşygy,  ýokary tizlikli awtomobil ýollary, ýan ýodalary, awtoduralgalar, köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, döwrebap ýol belgileri, hereketi sazlaýjy ýol yşyklary hem-de ornaşdyrylýan tehniki, wideo gözegçilik enjamlary barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýlede ýenede sanlyja günlerden golaýlap gelýän ata-babalarymyzyň müň ýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toý baýramy, garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren egsilmez miweleri barada hem buýsanç bilen bellenip geçildi.   

 Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Berdimyrat Rozyýew,  Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.